Garaşsyz neşir: Türkmen ýaşlarynyň ençemesi Türkiýä wiza alyp bilmedi

Garaşsyz neşir: Türkmen ýaşlarynyň ençemesi Türkiýä wiza alyp bilmedi

Türkmenistanda ýokary bilimini Türkiýede dowam etdirmek isleýän käbir raýatlar wiza almakda kynçylyk çekýärler. Bu barada garaşsyz neşir "Turkmen.news" öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 16-njy noýabrda habar berdi.

"Mundan öň migrasiýa [ýurtdan] çykmaga rugsat beräýedir diýip dileg edilýärdi. Indi bolsa wiza beräýedirler diýip dileg etmeli bolýar. Bularyň hemmesi goşmaça pul we nerw talap edýär" diýip, neşir öz çeşmesiniň sözlerini sitirledi.

Neşir türk uniwersitetlerine girmek isleýän on töweregi türkmen ýaşlarynyň wiza alyp bilmändigini anyklady.

"Ýaşlar giriş synaglaryna ýetişmeli ekenler. Olar muny başarmandyrlar. Ýöne käbir türk ýokary okuw jaýlary türkmen mekdepleriniň uçurymlaryna birnäçe gün garaşmaga razy bolupdyrlar" diýip, neşir ýazýar.

Ýaşlar türk wizasyny almazdan ozal bilet hem satyn alypdyrlar. Ýöne soňra olar ony yzyna gaýtarmaly bolupdyrlar. "Munuň netijesinde olaryň her biri 100 ýa-da ondan hem köp amerikan dollaryny ýitirdi" diýlip, habarda aýdylýar.

Bellesek, bu Türkiýe türkmenistanlylar üçin wiza düzgünini girizeli bäri ýurt raýatlarynyň türk wizasyny alyp bilmändigi barada köpçülikde peýda bolan ilkinji habardyr. Redaksiýa bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyndan kommentariýa alyp bilmedi.

Ýaşlaryň ýokary okuw üçin saýlap alýan ýurtlarynyň arasynda iň başdaky orunlary eýeleýän Türkiýe ýaňy-ýakyna çenli, has takygy 13-nji sentýabra çenli türkmenistanlylar üçin wiza talap etmeýän dünýädäki seýrek döwletleriň biridi. Türk häkimiýetleriniň 10-njy noýabrdaky maglumatyna görä, 8 müň 792 türkmenistanly kanuny rugsat bilen Türkiýede okaýar.

Mundan ozal Azatlyk türkmen häkimiýetleriniň daşary döwletleriň, hususan-da Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda okuwa kabul edilen türkmenistanlylaryň ençemesini uçara goýbermeýändikleri barada yzygiderli habar beripdi.

Şeýle habarlaryň biri 9-njy noýabrda gelip gowuşdy. Şonda habarçylarymyz Russiýanyň dürli ýokary okuw jaýlaryna birinji kursa giren üç türkmen raýatynyň 7-nji noýabrdaky uçara goýberilmändigini aýdypdylar.

Aeroportdaky Döwlet Migrasiýa gullugynyň işgärleri munuň sebäplerini türkmen studentleriniň okuwa kabul edilen ÝOJ-larynyň Türkmenistanda diplomy kabul edilýän uniwersitetleriň sanawyna girmeýändigi bilen düşündirýärler.

Şol bir wagtda, habarçylarymyz Migrasiýa gullugynyň işgärlerine "belli bir mukdarda para beren" käbir ene-atalaryň çagalaryny uçara mündirmegi başarýandygyny hem habar berdiler.

Ilatyň daşary ýurtlara gaýtmagynyň öňünde dörän häzirki päsgelçilikler demografiki krizisiň bäri ýanynda durandygy aýdylýan Türkmenistanda hökümetiň ilat ýazuwyna taýýarlyk görýän wagtyna gabat gelýär. Şeýle-de, kynçylyklar Türkiýäniň Türkmenistanyň haýyşy boýunça wiza režimini girizip, müňlerçe türkmen raýatynyň watanyna dolanmaga mejbur bolýan pursadynda bolup geçýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň daşyna çykmak isleýän raýatlara aeroportda päsgelçilik döredilýär
Belli hukuk goraýjy Täjigül Begmedowa Türkiýeden deport edildi
Iň uly howa menzili gurlar
Özbegistanyň üstünden daşary ýurtlara gidýän türkmenistanlylar köpelýär. Ýolagçylar türkmen gümrük işgärleriniň işinden nägile bolýar
Türkiýeden wizasyz gelen türkmen ýolagçylary soraga çekilýär
Dünýäde pandemiýanyň doly ýatyrylandygyna garamazdan, Türkmenistan COVID-19 testlerini talap edýär
Türkmenhowaýollary agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi talyplyga çagyrýar