Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp, ykdysady gazanylanlaryň sergisi guralar

26-njy awgustda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa sentýabr aýynda geçiriljek çärelere, olara gabatlanyp guraljak medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy hem-de 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleriň baýramçylyk maksatnamasynda maslahatlary, “tegelek stol” maslahatlaryny, döredijilik bäsleşiklerini, brifingleri, mediaforumlary, wagyz-nesihat çärelerini we aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk çäreler toplumyny geçirmek hem meýilleşdirilýär.

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry bolar. Şeýle-de bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny we sungat ussatlarynyň konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Sentýabr aýynyň üçünji ongünlüginde Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp, ykdysady gazanylanlaryň sergisi guralar.

Baýramçylyk günlerinde Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň meşhur medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler. Paýtagtymyzda we welaýatlarda medeni-durmuş, önümçilik binalarynyň açylyşy mynasybetli dabaralar guralar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sentýabrda guraljak baýramçylyk dabaralarynyň we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz bu dabaralaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik ruhuny aýdyň beýan etmelidigini, halkymyzyň iň gowy däp-dessurlary esasynda geçirilmelidigini belledi.

Soňra wise-premýer “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Ýaş aýdymçylaryň 12-si 27-nji awgustda “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde geçirilmegi meýilleşdirilýän bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, her ýyl geçirilýän hem-de milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň mundan beýläk-de ösmegini şertlendirýän, täze zehinleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän telebäsleşigiň ähmiýetini nygtap, bäsleşigiň jemleýji tapgyryny we onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze okuw-terbiýeçilik edaralarynyň açylmagy baýramçylygyň dabarasyny has-da artdyrar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ähli meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu çäreleriň ýaş nesilleri oňat okamaga ruhlandyrjakdygyny, olarda bilimleri özleşdirmäge we gözýetimlerini giňeltmäge höwesi güýçlendirjekdigini nygtady.

Berkarar döwletimiziň täze taryhy eýýamda ýeten sepgitlerine bagyşlanan ilkinji okuw sapagy ýaşlaryň ata Watanymyza söýgüsini has-da artdyryp, olaryň kalplarynda watançylyk duýgularyny ösdürmäge ýardam eder.

Soňra wise-premýer zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny guramaçylykly geçirmek üçin görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berip, onuň jemleýji tapgyryna aýdymçy çagalaryň 18-siniň hem-de tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 13-siniň gatnaşmaga hukuk gazanandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, zehinli çagalary ýüze çykarmak boýunça işleri geljekde-de dowam etmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere 3-nji sentýabrda geçiriljek ýaş ýerine ýetirijileriň konsertine taýýarlygyň barşyna talabalaýyk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmeniň Altyn asyry bäsleşigini yglan etdi
Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi
BAGŞYNYŇ GYJAKÇY OGLY
6-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
5-nji fewralda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy bolar