Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen bilelikde şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy” atly maslahat geçirdi.Maslahatda çykyş edenler geçen 35 ýylyň ýylyň dowamynda ähli ugurlar boýunça ýetilen beýik sepgitler, gazanylan zähmet üstünlikleri barada buýsançly gürrüňler etdiler. Şeýle-de ýyndamlykda, owadanlykda dünýäni haýran galdyrýan ahalteke bedewlerimiziň gelip çykyşy, ösdürilip ýetişdirilişi, şöhratly taryhymyzda eýeleýän orny we häzirki wagtda bedewlere goýulýan hormat-sarpa barada täsirli gürrüňler edildi.

Ganatly bedewlerimize bagyşlanan sergi aýratyn gyzyklanma döretdi.Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleri hem-de bedewlerimiziň şekili suratlandyrylan nakgaşlyk eserler ýerleşdirildi.Maslahata gatnaşanlar halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Inklýuziw sportuň dabarasy: türkmen futbolçylary Şwesiýada geçirilen Gothia Cup kubogynyň eýesi boldular
Täze tebigy gaz akymy alyndy
Täze tebigy gaz akymy alyndy
Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy
Dost doganlyk gatnaşyklary dünýä dolýar
Çagalary kitap okamaklyga çekmek