Garaşylandan ýokary girdeji gazandy

Kofe we beýleki gyzgyn içimlikleri hödürleýän kafeteriý zynjyrlaryna eýeçilik “Starbucks” kompaniýasynyň söwda dolanyşygy 3 göterim ýokarlandy. 2022-nji maliýe ýylynyň dördünji çärýeginde kompaniýanyň söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 3,3 göterim artyp, 8,41 milliard dollara ýetdi. Bilermenler bu görkezijiniň 8,31 milliard dollar bolmagyna garaşýardylar.

Şeýle-de bolsa, arassa peýda geçen ýylyň degişli döwründäkiden 50,2 göterim azalyp, azalarak 878,3 million dollara düşdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli çärýeginde 1,76 milliard dollar bolan eken. Şeýlelikde her paýnama üçin peýda 1,49 dollardan 0,76 dollara düşüpdir.

Global satuwyny 7 göterim artdyran “Starbucks” dördünji çärýekde dünýä boýunça 763 täze kofehana açyp, kofehanalarynyň sanyny 35 müň 711-e ýetiripdir.

Emine Açilowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Boks boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň Hançjoudaky Aziýa oýunlaryna gatnaşjak düzümi belli boldy
Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Türkmenistanyň Prezidenti täze ýolbaşçylary wezipä belledi
“Meni sem edip bilmezler”: Türkmen žurnalisti Ýewropa goýberilmezliginden soň
Türkmenistanly boksçy Aziýa oýunlaryna ýeňiş bilen girişdi
Lebap welaýatynyň telekeçileri azyk önümleriniň öndürilişini artdyrdylar