Garpyzyň Afrika ösümliginden gelip çykandygy anyklanyldy

Garpyzyň Afrika ösümliginden gelip çykandygy anyklanyldy

Alymlar ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilen ähli görnüşleriniň DNK-synyň kömegi bilen, garpyzlaryň Afrikanyň demirgazyk-gündogaryndaky ýabany ekinleriň ata-babalaryndan gelip çykan bolmagynyň mümkindigini anykladylar. Şunuň bilen bagly geçirilen ylmy barlag "Proceedings of the National Academy of Sciences" neşirinde çap edildi. Muny cursorinfo.co.il habar berdi.

Ondan öň garpyzlar Günorta Afrika limon gawuny bilen bir kategoriýa degişli edilýärdi. Şeýle-de bolsa, barlagçylar Kordofan gawuny (C. lanatus) diýlip atlandyrylýan eti ak garpyzyň Sudan görnüşiniň öý garpyzlarynyň iň ýakyn garyndaşydygyny ýüze çykardylar. Genetiki barlaglar mundan 4000 ýyl ozal Nil jülgesinde garpyzyň desert hökmünde iýlen bolmagynyň mümkindigini görkezýär.

Alymlaryň bellemegine görä, häzirki wagtda garpyzyň kesel görnüşlerine garşy has çydamly görnüşini ösdürip ýetişdirmek ugrunda işler alnyp barylýar. Bu ylmy barlagy ABŞ-nyň Itakadaky (Nýu-Ýork) Oba hojalygy ministrliginiň, Londondaky Kýu korollyk botanika bagynyň we Şeffild uniwersitetiniň kärdeşleri bilelikde geçirdiler we ol kesele garşy has çydamly garpyz görnüşini ösdürip ýetişdirmekde peýdaly bolup biler diýip, çeşme belleýär.

Ýene degişli makalalar

Alymlar adamlaryň ümsümligiň sesini eşidýändiklerini subut etdiler
Zeminde janly görnüşleriň iň köp ýaşaýan ýeri kesgitlendi
Tebigatyň täze kanuny öňe sürüldi
Tokaýlaryň çapylmagy sebitiň temperaturasyna uly täsir edýär
Alymlar günüň dowamlylygynyň uzalmagynyň sebäbini anykladylar
Marsyň çuňluklarynda gizlin ummanlar tapyldy
Alymlar plastik zäherleriň howany hapalamagyndan çekilýän ählumumy ýitgini hasapladylar