Gawunyň ilkinji hasyly auksionda satyldy

Ýaponiýada gök we bakja önümleriniň ilkinji hasylynyň ýa-da möwsümiň ilkinji balygynyň auksion arkaly satylmak däbi bar. Ýurduň meşhur gawun sorty bolan “ýubariniň” täze hasyly hem şeýle usul arkaly satyldy. Auksiona çykarylan iki gawun 3 million ýene (23,55 müň dollara barabar) satyldy.

Bu gawunlary “Hokuyupack Co.” miwe we bakja önümlerini satýan kompaniýa satyn alypdyr. Olar Ýubari şäherinde gawundan mugt dadyp görmek üçin çäre guramagy göz öňünde tutýar.

Geçen ýyl gawunyň bu görnüşi 2,7 million ýene, 2020-nji ýylda 120 müň ýene satylypdy. Bu ugurda rekord 2019-njy ýylda goýlupdy. Gawunyň 2 sanysy 5 million ýene (39,25 müň dollar) satylypdy.

“Ýubari” gawunynyň eti narynç reňkli bolup, süýji tagamy bilen tapawutlanýar. Günüň dogýan ýurdunda bu gawun sowgat hökmünde hem gowşurylýar.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Gawun-garpyzlaryny şagal iýýän daýhanlar döwletden kömek soraýar
Tomus paslynyň datly iýmiti
Tomsuň kiçi çillesiniň hökümi haçana çenlikä?!
Kuban şäheriniň portlaryndan türkmen garpyzlary Russiýa eltildi
Krossword4
Onlaýn krossword №2
Lukmanlar miwe iýmek üçin iň amatly wagty aýtdylar