Gaýykly gezelenç edilýän owadan şäherler

Her ýyl millionlarça syýahatçyny özüne çekýän şäherleriň özboluşly aýratynlyklary bar. Käbir şäher taryhy ýadygärlikleri, käbiri tebigaty, käbiri täsin binagärlik aýratynlyklary bilen jahankeşdelerde uly gyzyklanma döredýär. Şäherleriň içinden akyp geçýän kanallar hem owadan görnüşi emele getirip, syýahatçylaryň şähere gaýykly gezelenç etmegine mümkinçilik berýär. Geliň, gaýykly gezelenç edilýän dünýädäki iň owadan şäherler bilen tanyş bolalyň!

Ansi, Fransiýa. Hyýaly ertekileri göz öňüňde janlandyrýan Ansi şäherinden romantik kanallaryň birnäçesi akyp geçýär. Bu şähere başgaça Alp daglarynyň Wenesiýasy hem diýilýär. Tiu derýasynda gaýykly gezelenç etmek bilen XV-XVI asyrlarda gurlan reňkli jaýlary synlap bolýar.

Brýugge, Belgiýa. Orta asyrlarda gurlan Brýugge diňe bir şäheriň merkezi bolan Markt meýdanyndaky öýler bilen çäklenmän, eýsem, şäheri gurşap alýan kanallary bilen hem meşhurdyr.Otly bilen baryp bolýan şäheri 30 minutlyk gaýykly gezelenç bilen synlap bolýar. Şäheri Demirgazyk deňzine birikdirýän akja kanallar hem owadan görnüşi emele getirýär.

Brýugge şäherine baran myhmanlar gaýykly gezelençden başga-da, kenary synlap, owadan howlularda dynç alyp ýa-da hoşboý ysly şokolad dükanlarynda wagtyny geçirip bilerler.

Wenesiýa, Italiýa. Kanally owadan şäherler hakynda gürrüň edilende Wenesiýany agzaman geçmek bolmaz. 118 adany gurşap alýan Wenesiýada 150-den gowrak suw ýoly we 400-den gowrak köpri bar.

Agaçdan ýasalan gaýyklar bu şäherde asyrlarboýy ulag serişdesi hökmünde hyzmat edip gelýär. Şäheriň nyşanyna öwrülen agaç gaýyklar bilen şäheriň taryhy ýerlerine, medeni binalaryna gezelenç edip bolýar. Şäheriň iň köp gaýyk gatnawy Uly Kanalda amala aşyrylýar.

Bangkok, Tailand. Şäherde ilkinji kanallar XVIII asyrda Rattanakosin adasyndaky Uly köşgi gämi gatnawy arkaly goramak maksady bilen gurulýar.Soňlugy bilen ýerli gämi gatnawlary üçin hem kanallar peýda bolup başlaýar. Şäheriň döwrebaplaşmagy bilen emeli kanallar gurlup, gaýykly gatnawlaryň täze ýollary döredilýär.

Sensep, Tonburi şäheriň iň köp gatnawly kanallary bolup, şäheriň owadan ýerlerine gaýykly gezelenç edip bolýar. Şeýle hem şäheriň daşynda deňiz jandarlary, miwedir gök önümler satylýan ýüzýän bazarlar hem bar.

Amsterdam, Niderlandlar. Amsterdamdaky 165 kanal şäher merkezindäki suw ýollaryny birleşdirýän labirinti emele getirýär. Şäherde amala aşyrylýan gämi gatnawy edil taksi hyzmaty ýaly müşderileri öýleriniň gapysyna eltýär.

Gije-gündiz dynuwsyz hereket edýän suw ulaglarynda şäheriň meşhur taryhy ýerlerine, Anna Frankyň öýüne, Wan Gog muzeýine gezelenç edip bolýar. Şäheriň käbir kanalynda ýüzýän jaýlar, şeýle-de syýahatçylar üçin ýüzýän myhmanhanalar hem bar.

Suçžou, Hytaý. Owadan baglary we asuda kanallary bilen meşhur bolan Suçžou şäheri gadymy suw ýollaryndaky gämi gatnawlary bilen tanalýar. Şäheriň merkezinden geçýän Uly Kanal dünýädäki iň uzyn we iň gadymy emeli suw ýoly hasaplanýar.

Uzynlygy, takmynan, 1 müň 776 kilometre barabar bolan bu kanal Hançžou şäherini ýurduň paýtagty Pekin bilen birleşdirýär.Uly Kanalda hytaý medeniýetine degişli däp-dessurlar hem geçirilýär.Bu kanalda gämili aýlanmak arkaly söwda we medeni dynç alyş merkezlerine, taryhy ýadygärliklere, şeýle hem Şantang suw köçesine gezelenç edip bolýar.

Githorn, Niderlandlar. Amsterdamyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Niderlandlaryň kiçijik obasy bolan Githorn suw ýollary bilen gurlan oba bolup, owadan görnüşi emele getirýär.Bu ýerde gara ýollaryň deregine gezelenç ýodalary, welosiped ýollary we gaýykly suw ýollary agdyklyk edýär.

Oba barýan syýahatçylar gaýykly suw ýollarynda gezelenç etmek arkaly agaç köprüleri, agaçdan ýasalan jaýlary we özboluşly tebigy sazlaşygy synlap bilýärler.

Ýene degişli makalalar

Syýahatçylary ýer belletmek arkaly kabul eder
Şäher merkezine girmek tölegli edildi
Guşgy derýasynyň suwy joşdy, ekerançylyk meýdanlaryna zyýan ýetdi
Maryda suw ýetmezçiligi kärendeçileriň özara dawalaşmagyna sebäp bolýar
Türkmen bilermeni: Owganystanda guruljak kanal regionda suw meselesini çylşyrymlaşdyrar
“Talybanyň” Amyderýanyň akabasynda gurýan kanaly Türkmenistanyň suw meselesini “ýitileşdirip” biler