“Gaza Açyk Howa Gonamçylygyna Öwrüldi”

“Gaza Açyk Howa Gonamçylygyna Öwrüldi”

ÝB-niň Daşarky gatnaşyklardan we howpsuzlykdan jogapkär ýokary wekili Borrel, söweşden öň iň uly açyk howa tussaghanasy bolan Gazanyň şu günki günde iň uly açyk howa gonamçylygyna öwrülendigini aýtdy.

ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri, 21-22-nji martda geçiriljek ÝB-niň liderler maslahatynyň öňüsyrasynda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde duşuşdy.

Ministrleriň gün tertibinde Russiýa bilen 2 ýyldan bäri söweşýän Ukraina berilýän harby kömekleriň artdyrylmagy we Ysraýylyň Gaza garşy 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümleri sebäpli sebitiň agyrlaşýan ýagdaýy meselesi esasy orun eýeleýär.

Borrel, maslahatdan öň beren beýannamasynda, gurama agza ýurtlaryň geçen hepde Ukraina goldaw bermek üçin döredilen gazna 5 milliard ýewrolyk pul kömeginiň berilmegi baradaky kararynyň ministrler tarapyndan resmi taýdan tassyklanmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda durup geçen Borrel, “Gaza Ysraýylyň 7-nji oktýabrda başladan hüjümlerinden öň iň uly açyk howa tussaghanasydy. Şu günki günde bolsa iň uly açyk howa gonamçylygyna öwrüldi”diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Gaza Ýarylmadyk Bombalar Sebäpli Howply Etaby Başdan Geçirýär
Türkiýe, Gaza Ynsanperwer Kömegini Bermäge Dowam Edýär
Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ysraýyl 202 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl 201 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär