“Gaza Goldaw Bermäge Dowam Ederis”

Ysraýylyň 3 hepdeden bäri Gaza guraýan hüjümleri meselesinde dymmagy saýlap alan Günbatarly ýurtlary tankyt eden Prezident R. T. Erdogan “Ukrainada ýogalanlar üçin agladyňyz emma Gazada ýogalan çagalar meselesinde bolsa näme üçin dymýaňyz” diýdi.

Prezident Erdogan, Stambulda geçirlen Palestina mitinginde çykyş etdi.

Ertir Türkiýe Respublikasynyň 100 ýaşyny dabaraly ýagdaýda belläp geçjekdiklerini, şu gün bolsa dünýäniň ünsüni Gaza çekmek isleýändiklerini nygtan Erdogan, “Gaza goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

Krymdan Garabaga, Bosniýadan Kerkuga, Palestinadan Türkistana, Owganystandan Çeçenistana çenli dünýäniň çar tarapynda gynandyryjy wakalaryň başdan geçirilýändigini aýdan Erdogan, “Biz bu ýerde diňe Gazada başdan geçirlen gyrgynçylyga ünsi çekmek bilen çäklenmän eýsem öz garaşsyzlygymyza we gelejegimizi gorajakdygymyzy nygtaýarys” diýdi.

Hamasyn terror guramasy bolmandygyny ýene-de bir gezek nygtan Erdogan, bu sözüň Ysraýyly biynjalyk edendigini nygtady.

Prezident Erdogan, Ysraýyla “1947-nji ýylda Gaza, Palestina erkindi. Sen ol ýerlere basyp alyjy hökmünde girdiň we sen bir gurama” diýip ýüzlendi.

“Düýn Ukraina-Russiýa söweşinde öldürlen asuda ilat üçin aglanlar, şu gün Gazada müňlerçe çaganyň öldürilmegine bolsa dymmak bilen syn edýär” diýen Erdogan “Ukrainada ýogalanlar üçin agladyňyz emma Gazada ýogalan çagalar meselesinde bolsa näme üçin dymýaňyz”diýip belledi.

Prezident Erdogan Ysraýylyň gyrgynçylygyna goldaw berýän Günbatarly ýurtlary tankyt etdi.

Günbatarly ýurtlaryň Gazada çagalaryň, zenanlaryň gyrgyna berilmegini legallaşdyrmak üçin syýasatçylaryndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerine çenli Ysraýyla goldaw berýändigini nygtan Erdogan, emma Ysraýylyň harby jenaýat edýändigini ýatlatdy.

Ysraýyly harby jenaýatçy hökmünde yglan etjekdiklerini aýdan Erdogan, “Munyň üçin degişli taýarlyklary görýäris we harby jenaýatçy hökmünde Ysraýyly bütin dünýä yglan ederis” diýdi.

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza yzygiderli ýagdaýda guraýan hüjümlerinde esasy bölegi çagalardan we zenanlardan ybarat 7 müňden gowrak palestinaly ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Kuweýdiň Emiri Türkiýä Geldi
Gazada 7-nji Oktýabrdan Bäri Adamzat Taryhyň Iň Pajygaly Gyrgynçylygy Başdan Geçirilýär
Türkiýe Gaza Synagyndan Üstünlikli Geçen Ýurtlardan Biri
“Men Hamasy Terror Guramasy Hökmünde Görmeýärin”
Kaýseri Basdyrmasy