“Gazada Hüjümler Gyssagly Bes Edilmeli”

“Gazada Hüjümler Gyssagly Bes Edilmeli”

Prezident R. T. Erdogan, “Gazada gyssagly hüjümler bes edilmeli. Türkiýe hüjümleriň başlan gününden bäri munyň üçin göreşýär” diýdi.

Prezident R. T. Erdogan, Stambul kongres merkezinde geçirlen TRT Word Forumda çykyş etdi.

Erdogan “Ysraýyl bilen Liwanyň arasynda öňin gazanylan ylalaşygyň yzygiderli bolmagyny umyd edýäris. Biz, Gazadaky gyrgynçylygyň bes edilmegi we yzygiderli parahatçylygyň ýola goýolmagy üçin ähli taraplaýyn tagalla etmäge taýar. Gazada gyssagly hüjümler bes edilmeli. Türkiýe hüjümleriň başlan gününden bäri munyň üçin göreşýär” diýip belledi.

Çykyşynda BMG-nyň düzümine üýgetme girizilmelidigini nygtan Erdogan, “BMG-nyň düzümine gyssagly üýtgetme girizilmeli. Hemişelik 5 agza, wagtlaýyn 15 agza ýeterlik däl. Bu ýagdaýda dünýä gönükdirlip bilinmez. BMG-nyň häzirki düzümi bilen dowam etmek elbetde mümkin däl”diýdi.

Prezident Erdogan “Türkiýäniň Radio telewideniýe guramasy TRT uly jogapkärçiligi öz üstüne alan jemgyýetiň ähli gatlagyny nazarda tutýan, ynsana, ähli gymmatlyklara uly ähmiýet berýän ýaýlymlary bilen Türkiýäniň esasy guramalaryndan biridir.

TRT World Forum bolsa dünýäniň ähli kynçylyklarynyň ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylýan esasy platformalaryndan biri.Biz World Forumy şol bir wagtda dünýädäki meseleleriň çözgüdini gözlemek üçin anyk platforma hökmünde görýäris” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

TRT tarapyndan 8-nji gezek geçiriljek Ynsanperwerlik film festiwaly üçin ýüz tutmalar başlady
Makron ABŞ-Eýran ylalaşygynyň Liwany hem öz içine almagy üçin çagyryş etdi
Ysraýyl Liwanyň bir obasyny "bufer zolagy" diýip ýer bilen ýegsan etdi
Ysraýylly esger Gazada, Liwanda we Eýranda bäbekleri öldürendigini öwünmek bilen gürrüň berdi
Eýranyň döwlet teleýaýlymy atyşygyň bes edilmegi boýunça ylalaşylandygyny habar berdi
YSRAÝYL TARAPYNDAN 40 GÜN MÖHLET BILEN MUSULMANLARA ÝAPYLAN AKSA METJIDI TÄZEDEN AÇYLDY
YSRAÝYLYŇ GAZANYŇ DEMIRGAZYGYNDA GURAN HÜJÜMINDE AL JAZEERANYŇ HABARÇYSY ÝOGALDY