Gazada ýogalanlaryň sany 70 müň adamdan geçdim etdirýär

Gazada ýogalanlaryň sany 70 müň adamdan geçdim etdirýär

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrligi Ysraýylyň iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam etdirýän hüjümlerinde 70 müňden gowrak adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Beýannada genositde ýogalanlaryň sanynyň 70 müň 100 adama ýetendigi bellenildi.

Saglygy goraýyş ministrligi 10-njy oktýabrda gazanylan ylalaşykdan soň Ysraýyl tarapyndan guralan hüjümlerde 354 adamyň ýogalandygyna ünsi çekdi.

Ministrlik soňky 48 sagatda Gazadaky hassahanalara iki jesedin getirlendigini we şolardan biriniň harabalyklaryň aşagyndan çykarlandygyny mälim etdi.

Hüjümleriň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşyga garamazdan gabaw astyndaky sebitleriň gumanitar krizisi başdan geçirmäge dowam edýändigi nygtaldy.

Her ýylyň 29-njy noýabry BMG tarapyndan Palestin halky bilen arkalaşyk günü hökmünde bellenilip geçilýär.

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş Palestin halky bilen arkalaşyk günü mynasibetli beren beýannamasynda “Bu pajyga birnäçe nukdaý nazardan nesiller boýu halka jemgyýetçiligini gönükdiren kadalary we kanunlary synagdan geçirdi” diýdi.

Guterreş “Asuda ilatdan şeýle köp adamyň öldürilmegi we ilatyň başga ýerlere göçürilmegi we ynsanperwer kömeginiň bökdelmegi asla kabul edilmez” diýdi.

Ýene degişli makalalar

BMG indiki Baş sekretaryny saýlamaga girişdi
Ispaniýa bilen birlikde 5 Latyn Amerika ýurdy, ABŞ-nyň Wenesuela guran hüjümine garşylyk görkezdi
BMG Eýrana aşa güýç ulanmazlygy üçin çagyryş etdi
Eýranda harby uçar heläkçilige uçrady
Eýran Pakistan-Owganystan dartgynlygynyň ortadan aýrylmagynda töwellaçy bolmak isleýär
Pakistan Owganystanyň paýtagty Kabula we beýleki sebitlerine zarba urdy