Gazadaky çaknyşyklarda soňky 24 sagatda ýene-de 18 ysraýylly esger ýaralandy

Ysraýylyň Kanal 7 telewideniýe kanaly Beerşeba şäherindäki Soroka hassahanasynyň beýannamasyny çap etdi.

Hassahana beýannamasynda: "Gazadaky çaknyşyklarda soňky 24 sagatda ýaralanan 18 ysraýylly esgeri kabul etdik, esgerleriniň biriniň saglyk ýagdaýy agyr" diýip mälim edildi.

Beýannamada häzirki wagtda hassahananyň tapawutly bölümlerinde bejergi alýan 49 ýaraly esgeriň bardygy, şolaryň 16-synyň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy aýan edildi.

Beýleki tarapdan bolsa Hamasyň harby şahasy Izeddin al-Kassam topary, Gaza zolagynyň demirgazygynda ysraýylly esgerlere garşy guran hüjüminde 40 adamyň ölendigini we ýaralanandygyny mälim etdi.

Kassam topary Telegram hasabyndan Gaza zolagynda Ysraýyl goşunyna garşy alyp barýan işleri barada beýanat berdi.

Jibaliýe al-Beled sebitinde öýleriň birine ýerleşen 40 ysraýylly esgere garşy hüjüm guralandygy bellenen beýanatda, binanyň raketalar bilen nyşana alynandygy we ähli ysraýylly esgerleriň öli ýa-da ýaraly ýagdaýda täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi.

Waka bilen baglanşykly Ysraýylyň goşunyndan entek beýanat berilmedi.

Hamasyň ýaragly şahasy Izeddin Kassam topary "Palestinalylara we Aksa metjidi başda bolmak bilen mukaddes gymmatlyklara garşy dowamly häsýetde amala aşyrylýan düzgün bozmalara garşylyk görkezmek" üçin Ysraýyla garşy 7-nji oktýabrda giň gerimli hüjümler başlatdy.

Ysraýyl 7-nji oktýabrdaky hüjümlerde 1200 ysraýyllynyň ýogalandygyny, 5132 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi.

Ysraýylyň Gaza garşy hüjümlerinde azyndan 8200-i çaga, 6200-i zenan bolmak bilen jemi 20674-den gowrak palestinaly ýogaldy, 54536 palestinaly bolsa ýaralandy. Harabalyklaryň aşagynda müňlerçe adamyň bardygy, halkyň sygynan hassahanalaryň we bilim ojaklarynyň hem nyşana alynýandygy aýan edildi.

Ysraýylyň goşuny Gaza garşy hüjümleriň başlan güni bolan 7-nji oktýabrdan bäri 156-sy gury ýer hüjümlerinde bolmak bilen jemi 489 esgeriniň öldürilendigini mälim etdi.

Çaknyşyklara 24-nji noýabrda 4 günlük berilen we ondan soň ýene-de 3 gün uzadylan ynsanperwer arakesmede 81 ysraýylly we 240 palestinaly ikitaraplaýyn häsýetde azat edilipdi. Beýleki tarapdan bolsa Ysraýyl müňlerçe palestinalyny tussag etmäge dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Gazanyň demirgazygynda ýene-de 2 esgeriniň öldürilendigini habar berdi
Alymlar arylaryň kömegi bilen koronowirusy sanlyja sekuntda anyklamagyň ýoluny tapdylar
Saglyk — abatlyk
Iň gymmat sanly sungat eseri
“Salkyn Otagda” ýene bir arzanladyş çäresi başlady
2020-nji ýylyň iň gymmat transferleri