Gazagystan emeli aňy ornaşdyrmaga taýýarlyk boýunça öňe saýlandy

Gazagystan emeli aňy ornaşdyrmaga taýýarlyk boýunça öňe saýlandy

Halkara seljeriş merkezi bolan “Oxford Insights” tarapyndan çap edilen “Hökümetleriň emeli aňy ulanmaga taýýarlyk indeksi – 2025” (Government AI Readiness Index -2025) hasabatynda Gazagystan dünýäniň 195 ýurdunyň arasynda 60-njy orny eýeläp, Merkezi Aziýa sebitinde öňdäki orna çykdy. Bu barada 24-nji dekabrda Gazagystanyň Emeli aň we sanly ösüş ministrligi habar berdi.

Geçen ýylky reýtingde ýurt 76-njy hatarda ýerleşipdi. Şeýlelikde, Gazagystan bir ýylyň içinde öz görkezijisini 16 basgançak ýokarlandyrdy.

“Government AI Readiness Index” görkezijisi hökümetleriň emeli aňy döwlet dolandyryşynda, ykdysadyýetde we jemgyýetçilik proseslerinde netijeli ulanmak ukybyna, şeýle hem emeli aňyň howpsuz, jogapkärli we durnukly ösmegi üçin şertleri döretmek ukybyna baha berýär.

“Oxford Insights”-yň hasabatynda Gazagystanyň syýasy mümkinçiliklerine we dolandyryş taýýarlygyna aýratyn üns çekilýär. Strategik resminamalaryň bolmagy, kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň kemala getirilmegi we emeli aň meselesine üznüksiz institusional ünsüň berilmegi ýurda bu ugurda uzak möhletleýin we ulgamlaýyn döwlet syýasatyny gurmaga mümkinçilik berýär” diýlip, ministrligiň habarynda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Arkadagyň ýasama ykdysady we syýasy paýhaslylygy
Bagtlylykda öňe saýlanan Türkmenistan myhmansöýerlikde yza galýar
Türkmenistan myhmansöýerlik reýtinginde iň soňky orny aldy
Aragatnaşyk ministrine käýinç berlenden soň “Türkmentelekom” wagtlaýyn internetiň nyrhlaryny arzanlatdy
Türkmenistan dünýädäki “iň gymmat” we “haýal” Internetli ýurt
Türkmenistanda tizlikli interneti ösdürmekçi bolýarlar