Gazagystan ýeke-täk wagt ölçegine geçdi

Gazagystan ýeke-täk wagt ölçegine geçdi

Gazagystanda 1-nji martdan başlap, ýeke-täk wagt guşaklygy ýola goýuldy diýip, Interfax.ru habar berýär.

Ýurduň Hökümetiniň Gazagystan Respublikasynyň çäginde wagt ölçegi barada kararyna girizilen üýtgetmelere laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-nji martynda gije 00:00 sagatdan başlap, bäşinji sagat guşagy (UTC+5) ulanylýar.

Astana, Alma-Aty, Şimkent şäherleri, Akmola, Almaty, Žambyl, Garaganda, Kostanaý, Pawlodar, Demirgazyk-Gazagystan, Türküstan, Gündogar-Gazagystan hem-de Abaý, Žetysu, Ulytau oblastlary 1-nji mart gijesi ýerli wagty 1 sagat yza süýşürdiler.

Mundan öň Gazagystanda iki sagat guşaklygy UTC+5 we UTC+6 ulanylýardy. Ýurduň uly bölegi UTC+6 zolagyndady.

Öň gazagystanly alymlar we hünärmenler UTC+6 sagat guşagynyň tebigy gün wagtyna laýyk gelmeýändigini, adamyň biologik ritmine we saglygyna ýaramaz täsir edýändigini aýdypdylar. Bu şeýle-de ulag we beýleki aragatnaşyk serişdeleriniň işine ýaramaz täsir edýär. Täze girizilen düzgün işewürlige, döwlet edaralarynyň hem-de dessin gulluklaryň işine oňyn täsir eder diýlip garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Gazagystanyň üç sebitine çekirtge hüjümi howp salýar
Russiýanyň we Merkezi Aziýanyň ekin meýdanlaryny çekirtge basdy
Türki döwletleriň ilkinji küşt olimpiadasyna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzümi kesgitlenildi
Gazagystanly iň uzak ýaşly zenan 114 ýaşyny belledi
Gurban Berdiýewiň Kaýraty Gazagystanyň çempionatynyň täze möwsümine ýeňiş bilen girişdi
Özbek edebiýaty: uzak geçmişden biziň günlerimize çenli