Gazagystanda Azerbaýjana degişli uçar ýere gaçdy

Gazagystanda Azerbaýjana degişli uçar ýere gaçdy

Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinden Russiýanyň Çeçenistan Respublikasynyň paýtagty Groznyý şäherine tarap ýola çykan ýolagçy uçarynyň ýere gaçandygyny habar berdi.

Azerbaýjanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Hazar deňizinde "SOS" (adatdan daşary ýagdaý) duýduryşyny beren uçar, Gazagystanyň Aktau howa menziline gyssagly ýagdaýda gonmak islän mahaly ýere gaçdy.

Uçaryň içindäki 72 adamyň 25-siniň diri galandygy, diri galan käbir adamlaryň saglyk ýagdaýlarynyň agyrdygy aýan edildi.

Uçaryň içinde aglabasy Azerbaýjanyň raýaty bolmak bilen Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Russiýanyň raýatlarynyň bolandygy habar berildi.

Ýene degişli makalalar

“Türkmen Howaýollary” Moskwa uçuçlaryny mart aýyna çenli dikeltmez
Azerbaýjanyň Howa Ýollaryna Degişli Ýolagçy Uçary Heläkçilige Uçrady
Azerbaýjana degişli uçar Gazagystanda heläkçilige uçrady
Türkmenler azeri halkyna duýgudaşlyk bildirýär, uçar heläkçiligi boýunça halkara derňewini nygtaýar
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary