Gazagystanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde taryhy eserler tapyldy

Gazagystanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde taryhy eserler tapyldy

Atyrau welaýatynyň häkimliginden berilen beýanata görä, soňky 2 ýylda sebitdäki "Karabau-2" gorganynda arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirildi.

Gorgandaky 9 mazaryň 7-sinde b.e. öňki 6-njy asyrdan, b.e. 4-nji asyra çenli sebitde ýaşan atly çarwa halk Sarmatlara degişli şaý-sepler, ýaraglar we keramiki gaplar bilen birlikde adam galyndylary hem tapyldy.

Ýüze çykarylan eserler, Atyrau Sebit we Taryh Muzeýinde guralan sergide ilkinji gezek görkezildi.

Her iki tarapynda dag barsynyň şekili bolan we agramy takmynan 370 gram bolan altyn bilezik bolsa myhmanlaryň ünslerini özüne çekdi.

Gazak arheolog Marat Kasenow, Atyrau sebitiniň alymlar tarapyndan wagtynda Sarmatiýa imperiýasynyň höküm süren sebidi hökmünde häsiýetlendirilendigini we munuň arheologik gazuw-agtaryş işleri bilen subut edilendigini belläp: "(Sarmatlar döwrüne degişli) Tapylan jemi gadymy eserleriň sany 1000 töweregi.

Olaryň 100-si altyn şaý-seplerden ybarat. Şaý-seplerde esasan hem şol mahallar sebitde ýaşan bars, ýabany doňuz, gaplaň ýaly ýyrtyjy haýwanlaryň suratlary bar.Geçirilen iň soňky gazuw-agtaryş işlerimiziň netijesinde bolsa tapylan eserleriň arasynda ýurdumyzda ozal hiç wagt gabat gelinmedik we gowy saklanan agaçdan ýasalan 2 käse tapdyk" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçisi S.Seýfullin adyndaky Gazak agrotehniki barlag uniwersitetinde leksiýa bilen çykyş etdi
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI “RUSSIÝA YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM 2025” XVI HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI
HRW: ABŞ-Merkezi Aziýa sammitinde sebitdäki repressiýa meselesi gozgalmaly
Trampyň Merkezi Aziýa liderleri bilen duşuşygyndan näme garaşmaly?
Gürjüstanyň “Black Sea Petroleum” zawody türkmen nebitini gaýtadan işlär