Prezidentiň Metbugat ofisindan berilen beýanatda, Prezident Kasym Jömert Tokaýewiň Konstitutsiýa laýyklykda parlament saýlawyndan soň, ýurtda täze hökümet kesgitlenýänçä çenli Ministrler kabinetiniň agzalarynyň wezipelerini ýerine ýetirmäge dowam etmekleri bilen bagly kararnama gol çekendigi habar berildi.
Şoňa laýyklykda, ýurdyň häzirki Premýer ministri Askar Maminiň ýolbaşçylygyndaky hökümet wezipesinden çekildi we Ministrler kabinetiniň täze agzalary kesgitlenýänçä çenli wezipelerini dowam etdirmekleri barada karar berildi.
Gazagystanda 10-njy ýanwarda geçirilen parlament saýlawynda hökümetiň başyndaky Nur Otan partiýasy sesleriň 71,9 göterimini, Ak Ýok demokratik partiýasy sesleriň 10,95 göterimini we Gazagystanyň halk partiýasy sesleriň 9,10 göterimini alyp Mejlise girdi.
