Gazagystanda möhletinden öň Prezident saýlawlary geçiriler

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew şu güýzde nobatdan daşary Prezident saýlawlaryny geçirmek isleýändigini mälim etdi.

Men şu güýzde nobatdan daşary Prezident saýlawlaryny geçirmegi teklip edýärin diýip, Parlament palatalarynyň bilelikdäki maslahatynda ýurduň halkyna ýüzlenip aýtdy.

Ol özüniň Prezident saýlawlara gatnaşmaga taýýardygyny hem mälim etdi.

Tokaýew çykyşynda Meniň üçin döwletiň bähbitleri hemme zatdan ýokary. Şonuň üçin men özümiň ygtyýarlyk möhletimi azaltmaga we nobatdan daşary Prezident saýlawlaryna geçirmäge taýýar diýdi.

Kasym-Žomart Tokaýew 2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda kasam kabul edip wezipesine girişipdi.Gazagystanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurduň Prezidenti 5 ýyllyk möhlet bilen saýlanyp, bir dalaşgär bu wezipäni diňe iki möhlet ýerine ýetirip bilýär.

Kasym-Žomart Tokaýew 2019-njy ýylyň 9-njy iýunynda Gazagystanda geçirilen nobatdan daşary Prezident saýlawlarynda saýlawçylaryň 76% sesi ýa-da 6,5 million saýlawçynyň sesi bilen ýeňiş gazanypdy. Şol ýylyň 19-njy martynda ýurduň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew işden çekilýändigini mälim edipdi. Şonda ýurduň Parlamentiniň ýokary palatasynyň başlygy Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň täze Prezidenti wezipesine bellenipdi. Çünki ol döwletde wezipe derejesi boýunça ikinji orny eýeleýärdi. Şeýlelikde, 2019-njy ýylyň 20-nji martynda Kasym-Žomart Tokaýew Prezidentiň wezipesine girişipdi.

Ol wezipesine girişenden üç hepde soň nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň 9-njy iýunda geçiriljekdigini mälim edipdi.Ol saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynda ýurdy 30 ýyl dolandyran Nursultan Nazarbaýewiň başlan reformalaryny dowam etdirjekdigini söz beripdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri
Türkmenistan — Gazagystan: dostluk we köpugurly strategik hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
Ýewraziýa ýurtlarynyň liderleri Russiýada sebitleýin sammite gatnaşýarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” dialogynyň ilkinji ýokary derejeli sammitine gatnaşdy
Aşgabat — ählumumy dialogyň merkezi: Ýokary derejeli halkara forum dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Türkmenistanyň Prezidenti GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
Prezident Tokaýew Pakistana sapar eder