Gazagystanda nebit ýatagynda partlama boldy

Gazagystanda nebit ýatagynda partlama boldy

Gazagystanyň Atyrau sebitiniň Adatdan daşary ýagdaýlar departamentinden berilen beýanatda, ýurdyň günbataryndaky Atyrau welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän Tengiz nebit ýatagynda partlamanyň bolandygy habar berildi.

Beýanatda partlamanyň turba geçirijidäki gidrawlik synagynyň geçirilýän mahaly flanes arkaly berkidilen birleşmeleriň näsazlanmagy sebäpli bolandygy we wakada 2 adamyň ýogalandygy, 1-iniň saglyk ýagdaýy agyr 3 adamyň hem ýaralanandygy mälim edildi.

Atyrau sebitiniň Polisiýa departamenti bolsa waka bilen baglanşykly Gazagystanyň Jenaýat kodeksiniň "Iş düzgünleriniň bozulmagy" maddasyna laýyklykda derňew işiniň başladylandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Kazanda Abaýyň Aşgabatda dikilen heýkeli ýaly ýadygärligi açylar
Eýran Harby Türgenleşik Geçirdi
Gazagystan 2023-nji ýylda 90 million tonnadan köp nebit çykarmakçy
Russiýadan Giden Firmalaryň Gazagystana Gelmegi Islenýär
Kasym Žomart-Tokaýew häkimlik edýän partiýanyň ýolbaşçysy wezipesinden aýryldy
Bali adasy daşary ýurtly syýahatçylar üçin doly açylar