Gazagystanda Palçyk Akymy…

Gazagystanda Palçyk Akymy…

Gazagystanyň Çaryn kanionynda aşa köp ýagýan ýagyşlardan soň palçyk akymy sebäpli 2 adam ýogaldy, 6 adam ýaralandy.

Çaryn kaniony gezelenje giden 1 mugallym bilen okuwçysynyň mazary boldy.

8-i okuwçy 16 adam Çaryn kanionyna gezelenje gitdi.

Toparyň gezelenje başlan pursatlarynda ýagyş başlady.

15 minutda güýçlenen ýagyş sebäpli Çaryn derýasy daşdy we palçyk akymy başlady.

Palçyk sebäpli 1 mugallym bilen 1 okuwçy ýogaldy, 4-i okuwçy 6 adam ýaralandy.

Hassahanada bejergi astyna alynan okuwçylaryň ýagdaýynyň agyrdygy ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

Balkanda sil hojalyklara zyýan ýetirdi, häkimden kömek soranlara basyş edilýär
Sil suwlary ýollara, jaýlara zelel ýetirýär, ýöne öri meýdanlar ganýar, mallar ine-gana otlaýar
Wanganyň 2025-nji ýyl boýunça çaklamasy belli edildi
PÝGG ýagyşdan soň palçyga bulaşýan ýollarda hapa ulaglara jerime ýazýar