Gazagystanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini Beýik Ýeňiş güni bilen gutlady

Gazagystanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini Beýik Ýeňiş güni bilen gutlady

Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenowdan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy.

"Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlag hatynda Premýer-ministr Olžas Bektenow şeýle belleýär:

"Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň! Bu gün biz şöhratly ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoluny belent buýsanç we hoşallyk duýgusy bilen sarpalaýarys. Olar egin-egne berip, geljek nesilleriň azatlygy, garaşsyzlygy, mynasyp durmuşda ýaşamagy ugrunda söweşdiler.

Uruş ýyllarynda taplanan mizemez dostluk, jebislik hem-de özara goldaw bermek ýörelgeleriniň geljekde-de ýurtlarymyzyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat boljakdygyna ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, türkmen weteranlaryna berk jan saglyk, abadançylyk, uzak ömür arzuw edýärin".

Ýene degişli makalalar

Mihail Mişustin Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňiş güni bilen gutlady
Dmitriý Medwedew Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňiş güni bilen gutlady we uruş weteranlaryna minnetdarlyk bildirdi
Belarus Liderinden Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty geldi
Türkmenistanyň Galkynyş topary Monte Karlo sirk festiwalyna gatnaşar
Serdar Berdimuhamedow Döwlet Dumasynyň Başlygy Wolodini kabul etdi, Russiýa Türkmenistanda geçiriljek parlament saýlawlaryna synçylary iberer, Turkish Airlines Türkmenbaşy Stambul Türkmenbaşy uçuşlary üçin petekleriň bahasyny arzanlatdy
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary