Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew, Azerbaýjanda Saparda Boldy

Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew, Azerbaýjanda Saparda Boldy

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, resmi sapar bilen paýtagt Bakuwa baran Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

Ilham Aliýew myhman kärdeşi Tokaýewi resmi dabara bilen garşylady.

Özara duşuşykdan soň degişli ministrleriň gatnaşmagynda Azerbaýjan-Gazagystan döwletara ýokary geňeşiň maslahaty geçirildi.

Aliýew, doganlyk ýurt Gazagystanyň sosial we ykdysady taýdan uly öňe gidişlik etmegine hoşallyk bildirýändiklerini nygtap, “Gazagystan biziň ynamdar dostumyz we hyzmatdaşymyz” diýdi.

Azerbaýjany II Garabag söweşinde Ermenistana garşy gazanan ýeňişi we territorial bitewiligi bilen özgtyýarlygyny gaýtadan ýola goýmagy mynasibetli gutlaýandyklaryny aýdan Tokaýew, “Gazagystan bilen Azerbaýjan strategiýa taýdan ýakyn hyzmatdaş” diýip belledi.

Tokaýew, iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň artdyrylmagy üçin tagalla edýändiklerini nygtady.

Iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda geçirlen gepleşiklerden soň birnäçe şertnama gol çekişildi.

Aliýew bilen Tokaýew, Azerbaýjan-Gazagystan döwletara ýokary geňeşiň 1-nji maslahatynda kabul edilen kararlary tassyklady.

İki ýurduň degişli ministrleriniň gatnaşmagynda maýa goýum, medeniýet, bilim we deňizçilik ýaly ugurlarda birnäçe şertnama baglaşyldy.

Saparyň çäginde şeýle hem Azerbaýjandan üstaşyr dünýä ýurtlaryna ýetirilýän gazak nebitiniň mukdarynyň tapgyrlaýyn artdyrylmagy bilen arabaglanşykly şertnama baglaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Günorta Kawkazdaky möhüm wakalar
Tokaýew we Aliýew Gazagystan bilen Azerbaýjanyň arasynda täze maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Ýewraziýa döwletlerinde başdan geçirlen soňky wakalar
Olžas Bektenow Gazagystanyň Täze Premýer-ministri Boldy
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar