Gazagystanyň Senaty gazak-türkmen serhedi baradaky resminamany tassyklady

Gazagystanyň Senaty gazak-türkmen serhedi baradaky resminamany tassyklady

Senat Gazagystan Respublikasynyň Gazagystan Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistan Hökümetiniň arasyndaky Gazagystan-Türkmenistan döwlet serhediniň tertibi baradaky ylalaşygy tassyklamak barada Kanunyny tassyklady.

Gazagystanyň we Türkmenistanyň arasynda gazak-türkmen döwlet serhedini bellemek we Hazar deňzinde balykçylyk zolaklarynyň ýanaşyk ýerlerini kesgitlemek boýunça ylalaşyk 2021-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Aşgabatda baglaşyldy. Bu şertnamada barlag nokatlarynda we beýleki meselelerde ýüze çykýan dürli ýagdaýlary düzgünleşdirmek meýilleşdirilýär. Ylalaşygyň maksady Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky döwlet serhedinde hukuk esaslaryny we gatnaşyklary kadalaşdyrmakdan ybaratdyr.

Habarda bellenilişi ýaly, döwlet serhediniň tertibi döwlet serhedini saklamak, adamlaryň, ulaglaryň, ýükleriň we beýleki emläkleriň serhetden geçmegi, uçuşlaryň amala aşyrylmagy, döwlet serhedinde, serhet gözegçilik-geçiriş nokatlarynda ykdysady we beýleki çäreleri geçirmek, şeýle hem serhet hadysalaryny çözmek ýaly meseleleri öz içine alýar diýip, senatyň orunbasary Alişer Satwaldiýew Senatyň umumy mejlisinde aýtdy. Bu barada inform.kz ýazýar.

Ozal Gazagystanyň Senatynyň Daşary gatnaşyklar, goranmak we howpsuzlyk boýunça komitetiniň wekilleriniň giňeldilen ýygnakda bu Kanuna seredenlikleri barada ýazypdyk.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Kakalarynyň gyzlary, ýa-da Merkezi Aziýada prezident gyzlarynyň öňe çykmagy
Fransiýada milliarderlere goşmaça salgyt giriziler
Rumyniýa Prezidentini saýlaýar 
Rubio Hazarüsti geçiriji taslamasynyň ABŞ-nyň daşary syýasat bähbitlerine gabat gelýändigini aýdýar
DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Özbegistanda täze ulgam boýunça saýlaw geçiriler
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar