Gazagystanyň täze premýer-ministri Alihan Smaýlow boldy, iki sany ýokary derejeli hukuk goraýjy resminiň ölümi barada habar berildi

Gazagystanyň täze premýer-ministri Alihan Smaýlow boldy, iki sany ýokary derejeli hukuk goraýjy resminiň ölümi barada habar berildi

11-nji ýanwarda “Reýters” habar gullugynyň ýaýradan maglumatyna görä, Gazagystanyň täze premýer-ministri Alihan Smailow bellendi we ony ýurdyň Mejlisi biragyzdan tassyklady.

49 ýaşly Smaýlow prezident Kasym-Jomart Tokaýewiň dargadan öňki hökümetinde premýer-ministriň birinji orunbasarydy we soňra wagtlaýyn hökümete ýolbaşçy bellenipdi.

Gazagystandaky bidüzgünçilikler bilen ilteşikli howpsuzlyk güýçleriniň 9,900 sany adamy tussag edendigini sişenbe güni IIM-gi habar berdi diýip agentlik ýazýar.

Şeýlede “Reýters” KHŞG-niň parahatçylyk harby güýçleriniň Gazagystandaky uly bidüzgünçiliklerden soňra ýurdyň durnuklaşmagy boýunça wezipelerini berjaý edendigi üçin iki gün soňra nebite baý döwleti terk etmäge başlaýar diýip prezident Tokaýewiň sişenbe güni aýdandygyny habar berýär.

“KHŞG parahatçylyk güýçleri esasy missiýasy üstünlikli tamamlady” diýip Tokaýew wideo şekilli hökümet mejlisinde aýtdy. 68 ýaşly Kasymjomart Tokaýew 2-nji ýanwarda bütin Gazagystanda başlanan protestlerden soňra, KHŞG-na ýüzlenip öz ýurduna parahatçylyk harby kontingentini girizmegini sorapdy.

Mundan soňra gurama agza Rusýanyň, Belarusyň, Ermenistanyň we Täjigistanyň iki müňden gowrak harbylary Gazagystanda ýerleşdirilipdi.

Şeýlede prezident Tokaýew Gazagystanyň öňki prezidenti, “elbasy” Nursoltan Nazarbaýewiň kiçi gyzy Aliýa bilen ilteşikli “Operator Rop” şirketiniň işini togtatmagy tabşyrdy.

Bu barada Azattyq habar berýär.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” owalky maglumatlaryna görä, daşary ýurt mediasy Britan gazýetlerine salgylanyp Nazarbaýewiň kiçi gyzy Aliýanyň Gazagystandan 220 milýon funt sterlingi ýurtdan çykarandygyny habar berdiler.

Şol bir wagtyň özünde , duşenbe güni daşary ýurt mediasynyň ýaýradan maglumatlarynda Gazagystanda IIM-niň we MHK-niň iki sany ýokary derejeli resmisiniň aradan çykandygy habar berilipdi.

Gazagystanyň Milli Howpsuzlyk Komitetiniň (MHK) maglumatyna göra, MHK-niň polkownigi Azamat Ibraýew hususy öýüniň howlusynda öli tapyldy.

Şeýlede düýn Vlast.kz neşiri ýurdyň IIM-ne salgylanyp Jambyl welaýatynyň polisiýasynyň başlygy, 59 ýaşly general Janat Süleýmenowyň aradan çykandygyny habar beripdi.

Synçylaryň käbiriniň pikiriçe, bu hadysalaryň Gazagystandaky soňky wakalar bilen ilteşiklidigine şübhe ýok.

Prezident Tokaýew Gazagystandaky protestler wagtynda bolan çaknyşyklarda 16 sany howpsuzlyk güýçleriniň ölendigini we asuda ýaşaýjylaryň arasynda hem ölenleriň bardygyny, olaryň sanynyň anyklanýandygyny habar berdi.

Emma, 8-nji ýanwarda käbir daşary ýurt mediasy Gazagystanyň saglyk ministrligine salgylanyp, protestler wagtynda 164 adamyň ölendigini bildiripdi. Bu maglumat ministrligiň Telegram-kanalynda ýerleşdirilipdi. Ýöne, 9-nji ýanwarda ministrlik bu maglumatyny ýalana çykaryp, onuň “tehniki ýalňyşlyk” bolandygyny mälim etdi.

Prezident Tokaýew Gazagystanda döwlet agdarlyşygyna synanyşygyň bolandygyny aýdýar.

10-njy ýanwarda Gazagystanda matam güni bellendi. The post Gazagystanyň täze premýer-ministri Alihan Smaýlow boldy, iki sany ýokary derejeli hukuk goraýjy resminiň ölümi barada habar berildi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky harby blok bitarap Türkmenistany Owganystan boýunça hyzmatdaşlyga’ çagyrýar
Putiniň Türkmenistana saparyndan hiç bir netije bolmady
Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň mejisiniň ilkinji gününň gysgaça jemleri
Russiýa owgan serhedine çykmaga taýýar
Rus metbugaty türkmen-owgan serhedinde howpsuzlygyň ýaramazlaşýandygyny aýdýar
Türkmenistanyň DIM-i türkmen-owgan serhediniň howpsuzlygy baradaky habarlara reaksiýa görkezdi