Gazagystanyň ýük otlusy ilkinji gezek Türkmenistandan üstaşyr Eýrana bardy

Gazagystanyň ýük otlusy ilkinji gezek Türkmenistandan üstaşyr Eýrana bardy

Gazagystanyň kömür ýükli ýük otlusy ýekşenbe güni ilkinji gezek “Demirgazyk-Günorta” demir ýol geçelgesi boýunça Türkmenistandan üstaşyr Eýrana bardy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň häkiminiň metbugat beýanatyna salgylanyp, IRNA agentligi ýekşenbe güni habar berdi.

Habara görä, Gülüstan welaýatynyň häkimi Hadi Hakşenas bu demir ýoluň harytlary daşamakdaky çykdajylary azaltmakda täsiriniň uly boljakdygyny belläp, otlynyň Eýrana girmeginiň sebit söwdasynyň ösüşiniň başlangyjy boljakdygyna umyt bildirdi.

Hakşenasyň aýtmagyna görä, “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň bir bölegi bolup durýan Inçeburun gury portynda we erkin söwda zolagynda ýerleşýän Inçeburun demir ýoly Ýewraziýa ýurtlaryny Eýrana birikdirmekde uly ähmiýete eýedir.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Sebitleýin Meýilnamalaşdyryş geňeşiniň 30-njy iýulda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol geçelgesiniň täjirleşdirilmegi barada Ähtnama gol çekmegi teklip etdi. Bu Ähtnama ýylda 12 million tonna çenli ýük daşamaga mümkinçilik döretjek bu demir ýol geçelgesiniň ykdysady potensialyny ýokarlandyrmaga kömek eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň aramgähine zyýarat etdi
Eýranyň Inçeburun şäherçesinden Türkmenistanyň serhedine çenli awtomobil ýoly gurlar
Saud Arabystanynа barýan Russiýanyň ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi
Saud Arabystanynа barýan Russiýanyň ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi
Aragçi: Hazar deňzi Eýran üçin Pars aýlagy ýaly möhümdir; Sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek daşary syýasatyň ileri tutulýan ugrydyr
Sinop Boýabat Syryk Kebaby
Çarşamba Aýakgaby