BMG-niň Çagalara kömek gaznasynyň (ÝUNİSEF) Metbugat sekretary Jeýms Elder 31-nji oktýabrda Gazany çaga gonamçylygy hökmünde häsýetlendirendiklerini ýatladyp, “Geçen aý Rafahda täze gonamçylyklaryň gurulandygyny we onuň çaga jesetleri bilen doldurylandygyny gördüm” diýdi.
Jeýmes Elder “Guardian” gazetine ýazan makalasynda BMG-de işlän 20 ýyllyk möhletinde Gaza Sektorunyň Han Ýunus we Gaza şäherlerindäki ýitgä meňzeş pajygany görmändigini we Rafaha guralmagy ähtimal gury ýer hüjümine alada bildirýandigini beýan etdi.
Elder makalasynda; “31-nji oktýabrda ÝUNİSEF Gazany çaga gonamçylygy diýip häsýetlendiripdi. Geçen aý Rafahda täze gonamçylyklaryň gurlandygyny we gubyrlaryň çaga jesetleri bilen doldurylandygyny gördüm. Söweş günsaýyn ölüm we pajyga getirýär” diýip, ýazýar.
Ysraýylyň ozal “howpsuzdygyny” öňe süren we 1,5 millin ilatly Rahahyň harby hüjümde dargajakdygyny nygtan Elder, şäherde 600 müňe barabar çaganyň ýaşaýandygyna ünsi çekdi.