Gazhimiýa zawodynyň döwrebap önümleri

Gazhimiýa zawodynyň döwrebap önümleri

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna 30 ýyl dolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda gazhimiýa senagaty hem güýçli depginler bilen ösýär.

Bagtyýar eýýamda Türkmenistanyň ýerasty we ýerüsti tebigy serişdelerine dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Mähriban Arkadagymyzyň tagallalary bilen bu baýlyklar halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek babatdaky alyp barýan işleri, taýsyz tagallalary bilen berkarar döwletimizi bagtyýarlyga besleýär.Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasynyň wezipelerinde ýurdumyzyň iri senagatyny ösdürmek bilen, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksat edinilýär.

Munuň özi ykdysadyýete degişli pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak, ýokary tehnologiýalaryň üsti bilen gazy we nebiti gaýtadan işlemek, dünýä bazarynda ýokary islege eýe bolan önümleri öndürýän önümçiligi döretmek işleriniň döwrebaplygy bilen aýdyň görünýär. Şol maksatlardan ugur alnyp, 2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda Gyýanlydaky polimer zawody uly dabara bilen ulanyşa girizildi.

Sebitiň iri senagat desgalarynyň biri bolan bu gazhimiýa toplumynyň gurluşygyna Türkmengaz döwlet konserni koreý we ýapon kompaniýalary bilen bilelikde iri maýa goýumlary amala aşyrdy.Bu toplumyň ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy işlemäge mümkinçiligi bar.

Häzirki zamanyň iň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylan toplumda her ýyl 386 müň tonna ýokary hilli polietilen, 81 müň tonna polipropilen öndürmek göz öňünde tutuldy. Şu möçberdäki önümleri öndürmek üçin tebigy gazyň düzüminden alnan zerur bolan etan, propan ýaly maddalardan galan arassa 4,5 milliard kub metri ýangyç hökmünde gaz geçiriji ulgamlara akdyrylýar.

Häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän zawodda ýer astyndan alynýan mawy ýangyçdan täze tehnologiýalaryň kömegi bilen polietilen we polipropilen öndürilýär.Bu zawodyň öndürýän ýokary dykyzlykly polietilen we polipropilen önümlerine dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär.

Kärhanada öndürilýän önümleriň dürli görnüşleri, ýagny polimer örtügi, emeli süýüm, berk termoplastlar, turbalar, kendir, berk tanaplar, awtoulaglar üçin süzgüçler, egin-eşikler, mebeller, gaplaýyş serişdeleri, azyk önümleri üçin gaplar häzirki döwürde halk hojalygynda giňden peýdalanylýar.

Polietilen öndürýän desgada iki petle görnüşli reaktorlar ýokary öndürijiligi bilen tapawutlanýar. Ol dünýäde täze innowasion enjam hasaplanýar. Bu ýerde dünýä meşhur Ineos kompaniýasynyň tehnologiýalary giňden ulanylýar. Onuň ýokary hilli TDS1097 — 2018 belgili önümi milli standartymyza laýyk gelip, ýokary dykyzlykly polietileniň 7 görnüşini öndürýändigi bellenilmäge mynasypdyr.

Häzirki döwürde zawodda polimer önümleriniň dürli görnüşlerini satmak barada Hazarýaka döwletlerinden Russiýa Federasiýasynyň Kartli, Polimer SM, Belis, Himtrastreýding, Politer ýaly kompaniýalarynyň on birisi, şeýle-de Gazagystanyň AlemPolymer kompaniýasy bilen şertnamalar baglaşylypdyr.

Umuman, tebigy gazy toplumlaýyn işlemäge uly üns berýän ýurdumyz energiýa serişdelerini uly möçberde iberýän kuwwatly döwlet hökmünde öňe çykyp, dünýäniň energetika bazarynda öz ornuny barha berkidýär. Şuňa laýyklykda, döwletimiz energetika eksportyny ösdürýär. Ýeri gelende aýtsak, harytlary daşary ýurtlara ibermekde Gahryman Arkadagymyzyň gurduryp beren Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty möhüm ähmiýete eýedir.

Harytlary daşary ýurtlara ugratmakda demir ýol ulaglary bilen hem netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Gyýanlydaky polimer zawodynda bir müňden gowrak adam zähmet çekýär.Olaryň zähmetiniň netijeli bolmagy we mynasyp dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilişi ýaly, ekologiýa bildirilýän talaplar hem pugta berjaý edilýär.

Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda okamagy we öz ugurlary boýunça çuňňur bilimli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikleri döretdi. Şeýle ýaşlaryň ençemesi Gyýanlydaky polimer zawodynda zähmet ýoluny dowam etdirip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyna mynasyp goşantlaryny goşmak ugrunda yhlas-başarnyklaryny gaýgyrmaýar.

Gyýanlydaky polimer zawodynda alnyp barylýan işler geljekde hem ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmäge, milli senagaty dünýä derejesine çykarmaga, nebitdir gazdan alynýan erginleri gaýtadan işläp, taýýar önüm öndürmäge, onuň üsti bilen halk hojalygynyň dürli talaplaryny kanagatlandyrmaga, milli senagaty kuwwatlandyrmaga, ýokary hünär derejesine eýe bolan milli hünärmenleri kemala getirmäge hem-de kämilleşdirmäge, ösen döwletler bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ýardam eder.

Sanly ulgamyň berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, olar bilen söhbetdeş bolanymyzda, ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler:

Mekan Tirkeşow,Gyýanlydaky polimer zawodynyň polimer öndürýän 2-nji sehiniň polipropilen öndürýän desgasynyň tehnologik gurluşlarynyň II/IV derejeli operatory:

— Men Gahryman Arkadagymyzyň gurduryp beren daşky gurşawa zyýansyz gazhimiýa toplumynda bir ýyldan gowrak wagt bäri zähmet çekýärin.Bu ýerde polipropilen desgasynyň tehnologiýasyny ýöriteleşdirilen kompýuteriň üsti bilen awtomatik usulda dolandyryp, ähli işleriň gidişine gözegçilik edýärin.

Gözegçilikde çig maldan taýýarlanylýan önümiň tehnologiýasynyň bökdençsiz berjaý edilmegi möhüm bolup durýar. Şoňa görä-de, çylşyrymly iş prosesini bilmek zerur.Häzirki döwürde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna mynasyp goşandymyzy goşmak üçin uly höwes bilen işleýärin.

Biz — ýaş hünärmenler şeýle ajaýyp toplumy gurduryp ulanmaga berendigi hem-de milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrunda edýän tagallalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

Şirmämmet Dawudow,Zawodyň gazy ilkinji gaýtadan işleýän 1-nji sehiniň gazy kreking ediji desgasynyň tehnologik gurluşlarynyň II/IV derejeli operatory:

— Men gazhimiýa toplumynyň ýöriteleşdirilen awtomatika degişli kompýuter ulgamyny işletmek bilen, desganyň awtomatik dolanyşygyna gözegçilik edýärin.Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda okamaklary we olaryň öz ugurlary boýunça çuňňur bilimli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikler döredip berdi.

Bu mümkinçilikden peýdalanyp, bilim alan hünärim boýunça Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumynda 1 ýyl bäri işleýärin.Işiň ähli tilsimlerini ele almak üçin halypalardan görelde alýaryn.Olar bilen egin-egne berip zähmet çekýäris.

Şeýle ajaýyp zamanada bagtyýar durmuşda ýaşamaga we zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri rowaç bolsun!

Begli Hojageldiýew,Zawodyň polimer öndürýän 2-nji sehiniň polietilen öndürýän desgasynyň tehnologik gurluşlarynyň II/IV derejeli operatory:

— Men hormatly Prezidentimiziň bize — ýaşlara çuňňur bilim almaga döredip berýän mümkinçilikleriniň netijesinde Hytaý Halk Respublikasynda Nebit uniwersitetinde maşyngurluşyk, saklaýyş we nebiti daşamak boýunça hünär öwrendim.Häzir bolsa ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine mynasyp goşant goşýan uly zawodda işleýändigime juda begenýärin.

Gahryman Arkadagymyzyň halk bähbitli, ýurt ähmiýetli durmuşa geçirýän beýik işleri hemmämizi begendirýär.Bu toplumyň döredilmegi bilen örän köp iş orunlary döredi.Men bu toplumda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynda ornaşdyrylan kompýuterler arkaly işleriň gidişine gözegçilik edýärin.

Zawodymyzyň ähli hünärmenleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny mynasyp sowgatlar bilen garşylamagyň aladasy bilen zähmet çekýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2018-nji ýylda gurduryp ulanmaga berlen gazhimiýa toplumynyň geljegi örän uly. Ýokary bilim alyp, ýurdumyza gerekli hünärmen bolup ýetişmäge hem-de şeýle döwrebap kärhanada zähmet çekmäge döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22123

Ýene degişli makalalar

Gazhimiýa pudagy ösüş ýolunda
Özbegistan ýyllyk kuwwaty 1,34 million tonna bolan metanol zawodyny gurar
Ildeşimiz Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy