Gazna we Maliýe ministri Gresiýada saparda bolýar

Gazna we Maliýe ministri Gresiýada saparda bolýar

Gazna we Maliýe ministri Mehmet Şimşek sosial media hasabyndan "V Türkiye-Gresiýa Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşi" bilen baglanşykly iňlis dilinde beýannama berdi.

Afinyda geçirilen V Türkiye-Gresiýa Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşine gatnaşandyklaryny aýdan Mehmet Şimşek, Gresiýanyň hökümetiniň mähirli garşylamagyndan we myhmansöýerliginden hoşaldygyny aýtdy.

Mehmet Şimşek Gresiýa saparynyň örän netijeli bolandygyny belläp: "Milli Ykdysadyýet we Maliýe ministri Kostis Hatzidakis bilen geçiren duşuşyklarym, möhüm ykdysady meselelerde örän netijeli geçdi. Gresiýanyň ÝB agzalyk tapgyryndaky goldawy üçin minnetdardyrys. Umumy ençeme nokadymyz we köptaraplaýyn meňzeşliklerimiz bilen, Türkiye we Gresiýa has güýçli bir hyzmatdaşlyk üçin taýardyrlar. Türkiye we Gresiýanyň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Ispaniýanyň premýer ministri tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy
Mehmet Şimşek Lýuksemburgyň Maliýe ministri bilen duşuşdy
Mehmet Şimşek: "Türk lirasyna bolan ynam artýar" diýdi
Gazna we Maliýe Ministri Şimşek, G-20-niň Maslahatyna Gatnaşar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny