GDA-nyň 2023-nji ýyldaky medeni merkezi Peterburgda döredijilik maksatnamasy badalga aldy

GDA-nyň 2023-nji ýyldaky medeni merkezi Peterburgda döredijilik maksatnamasy badalga aldy

Russiýanyň Newa derýasynyň ýakasyndaky şäherinde Sankt-Peterburg Arkalaşygyň 2023-nji ýyldaky medeni paýtagty taslamasy açyldy. Her ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň biriniň şäheri şeýle derejäni alýar we şäherliler üçin dürli çäreler geçirilýär diýip, MIR 24 ýazýar.

Maksatnama Baltika öýündäki teatr-festiwaly bilen badalga alar, bu meýdança eýýäm 25 ýyldyr, GDA-nyň teatr toparlaryny öz sahnasynda jemleýär.

Ýylyň dowamynda Peterburgda ýüzlerçe medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Olardan maý aýynda kitap salony, kino-teatr festiwallary, Kitap öýündäki GDA-nyň ýurtlarynyň medeni arabaglanyşygyna bagyşlanan kino çäreleri bar. Ýylyň ahyrynda bolda, medeni forum guralar.

Şu gün, ýagny 8-nji aprelde Baltika öýünde Russiýadaky duşuşyklar teatr festiwaly başlanar. Oňa 10 döwletdäki rus teatrlary öz sahna eserleri bilen gatnaşarlar. Olaryň arasynda Türkmenistandan Puşkin adyndaky teatr hem bar.

Ýene degişli makalalar

Gazaklaryň tanymal şahyry we pikirzadasy Abaý Kunanbaý
Nahajul Faradis atly eseriň türki dile goşan goşandy
Türkmen wekiliýeti 26-njy Peterburg Halkara ykdysady forumyna gatnaşýar
Türkmen zyýaratçylary haj zyýaratyna ugradylar, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri PHYF-e gatnaşýar, Türkmenistanda ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagy üçin jerime barada nädip maglumat almaly we beýleki habarlar
Türkiýe Bilen Ençeme Ugurda Möhüm Taslamalary Iş Ýüzüne Geçirýäris
Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Russiýanyň ykdysady ösüş ministri bilen duşuşdy