GDA-nyň sport festiwalynda samboçylar üç medala mynasyp boldular

Ulýanowsk şäherinde (Russiýa Federasiýasy) sportuň milli görnüşleriniň we GDA ýurtlarynyň oýunlarynyň festiwalynda çykyş eden samboçylarymyz Watanymyza bir kümüş hem-de iki bürünç medal bilen gaýdyp geldiler.

Niýazmyrat Şahmyradow 68 kilogram agram derejede çykyş edip, kümüş medala eýe bolmagy başardy. Ol Aşgabat şäheriniň sport mekdepleriniň birinde tälim alýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda gulluk borjuny ýerine ýetirýän Kemal Amanow (62 kg), şeýle hem Lebap welaýatynyň Dostluk şäherçesiniň ýaşaýjysy Nuraly Ýalkabow (100 kg) bürünç medallara eýe boldular.

Ýurdumyzyň milli toparynyň ýakyn geljekki ätiýaçlyk düzümine girýän türkmen türgenleriniň sambo boýunça görkezen (sportuň bu görnüşi hem Aziýadanyň maksatnamasyna girýär) bu netijelerini oňat görkeziji hasap etmek bolar.Ulýanowskide geçirilen GDA ýurtlarynyň festiwalyna jemi 350 türgen gatnaşyp, olaryň düzüminiň hil derejesi örän ýokary boldy — olaryň arasynda dünýä we yklym çempionatlarynyň ýeňijileri hem az däl.

Bu ýaryşlaryň sambonyň sport we söweşjeň görnüşleriniň hem watany bolan Russiýanyň çäginde geçýändigini bellemek gerek.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Ulýanowsk oblastynyň ýaşaýjysy 91 ýaşynda öýlendi
14.08.2017 | GDA-nyň sport festiwalynda samboçylar üç medala mynasyp boldular
17.08.2019 | Milli ýygyndy toparlarymyzyň hasabynda iki altyn medal
Milli ýygyndy toparlarymyzyň hasabynda iki altyn medal
Orsýetiň Ulýanowsk regionynda türkmenistanlydygy güman edilýän student öz kursdaşyny pyçaklapdyr