Gender deňligini ilerletmegiň möhüm ugurlary

Gender deňligini ilerletmegiň möhüm ugurlary

Şu gün paýtagtymyzdaky Ýyldyz myhmanhanasynda gender deňligini ilerletmek we onuň kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça parlamentara dialoga bagyşlanan maslahat geçirildi.Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, birnäçe döwletleriň wekilleri, žurnalistler gatnaşdylar.

Maslahatda gender deňligini pugtalandyrmak boýunça halkara derejede amala aşyrylýan işleriň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.Ol gender deňligini üpjün etmekde ählumumy tagallalar babatda bilelikdäki hereketleriň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen möhüm çärä öwrüldi. Çykyşlarda Türkmenistanyň zenanlaryň hukuklary we gender deňligi ulgamyndaky halkara borçnamalary, bu ugra degişli halkara konwensiýalaryň düzgünlerini yzygiderli ýerine ýetirmek ugrunda alyp barýan işlerine üns berildi.

Gender deňliginiň ähli ugurlarynyň kanunçylyk esaslaryny berkitmek we ony kämilleşdirmek meseleleriniň häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň biri bolup durýandygy barada aýdyldy.Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar gender deňligini pugtalandyrmakda alnyp barylýan işleri giňeltmek, zenanlaryň hukuklaryny goramagyň milli usullaryny kämilleşdirmek, parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri hakynda pikir alyşdylar. Şunda gender deňligini üpjün etmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň nobatdaky tapgyryny (2026 — 2030-njy ýyllar) durmuşa geçirmäge degişli soraglara aýratyn üns çekildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasaty giň halkara hyzmatdaşlygyň esaslaryny berkitmäge gönükdirilendir. Şeýle-de çykyşlarda abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmegiň, zenanlar bilen erkekleriň deň hukuklaryny we mümkinçiliklerini üpjün etmegiň möhümdigi nygtaldy.

Bu bolsa degişli ugur boýunça hereketleriň kanunçylyk taýdan berkidilmegini, onuň hukuk hem-de düzümleýin binýadynyň kämilleşdirilmegini talap edýär.Netijeli we işjeň ýagdaýda geçen maslahatda söz sözlänler ählumumy derejede gender deňliginiň üpjün edilmegine gönükdirilen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde bilelikdäki tagallalaryň ähmiýeti hakynda aýdyp, bu ugur boýunça duşuşyklaryň geçirilmeginiň, okuw sapaklaryny we maslahatlary yzygiderli guramagyň wajypdygyny bellediler.

Soňra maslahat mejlisler arkaly dowam etdi.Dürli ugurlary öz içine alan mejlislerde gender deňligini, zenanlaryň hukuklaryny ilerletmekde halkara kanunçylyk kadalarynyň esaslary, olaryň ýerine ýetirilmeginde parlamentarileriň orny bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Türkmenistan bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli soraglar hem üns merkezinde boldy.

Ýene degişli makalalar

Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen maslahat durnukly ösüşi üpjün etmekde zenanlaryň möhüm ornuny tassyklady
Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy
Gender deňligini ilerletmegiň möhüm ugurlary
Azerbaýjan-Eýran serhedinde ýaragly çaknyşyk boldy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gender nukdaýnazaryndan söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdy
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygynyň Türkmenistana sapary