
Bäşinji Respublikany esaslandyryjy we ilkinji Prezidenti general Şarl de Golluň ogly, öňki fransuz senatory Filipp de Goll Parižde aradan çykdy. Bu barada onuň maşgalasyna salgylanýan Le Figaro gazeti habar berdi diýip, Interfax.ru ýazýar.
Filipp de Golluň 102 ýaşy bardy. Ol 1921-nji ýylda Parižde doguldy we meşhur general Şarl de Golluň uly ogludy. Ol bütin ömrüni harby we syýasy işe bagyşlady.