Geotermik elektrik bekedi

Beýik Britaniýanyň Kornuoll şäherinde geotermik aýlanyş hereketli elektrik stansiýasy işe girizildi.Elektrik öndürmegiň bu usulynda Ýeriň jümmüşindäki gyzgyn suw sorulyp, onuň bugy arkaly turbina herekete getirilýär.

Suw Ýeriň jümmüşiniň ýylylygynyň hasabyna gyzýar.Bu tehnologiýa ýangyçsyz energiýa almakda ýene-de bir ädimdir.Geolog Heýzel Farndeýliň sözlerine görä, şu günki günde energiýa pudagy taryhy pursatlary başdan geçirýär. Ýeriň çuňlugyndaky bugy ulanmak durmuşa ornaşdyrylýar.

Ýeriň jümmüşindäki gyzgyn suw gorlaryny sorup alýan burawlar bäş kilometrden gowraga uzaýar. Suw ýylylyk öndürmäge kömek edýän radioaktiw granitden geçýär. Ýeriň jümmüşindäki suw gorlary 180 gradusa çenli gyzyp, ýokary basyş sebäpli ýüzünde buga öwrülýär.

Işläp düzüjileriň pikiriçe, energiýa öndürmegiň bu usulynda, energiýanyň bir bölegi suw aýlanyşyna aşak we ýokaryk sarp edilýär. Olar Beýik Britaniýada umumy kuwwaty 200 gigawat bolan şeýle elektrik stansiýalarynyň birnäçesiniň gurlup bilinjekdigine ynanýarlar.

Mundan ozal Germaniýada Manager Flex-iň önümçiligini ýola goýmak meýilnamalary yglan edilipdi. Bu enjam ilata Gün panelleriniň energiýasyny ulanmaga mümkinçilik berýär. Gün energiýasy elektroulaglaryň batareýalaryna hem gönükdirilýär.

Häzirki wagtda Ýewropada 130-dan gowrak geotermik elektrik beketleri işläp, bu sanyň birnäçe ýyldan ýene-de iki esse artmagyna garaşylýar. Ýeriň jümmüşindäki gyzgynlyk aşa ýokary basyşda bolup, has ýokary gyzgynlyk derejelerine çenli hem ýetip bilýär. Ýerasty ýylylyk çeşmeleri geotermik stansiýalar tarapyndan ulanylýar.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Angliýada geometriki elektrik stansiýasy işläp başlar
Merkeliň Beýik Britaniýa soňky sapary
Gresiýada Mondrian bilen Pikassonyň 2012-nji ýylda ogurlanan kartinalary tapyldy
Garyp ýurtlara ekologiýa abadançylygy üçin 100 milliard dollar bölünip berler
BSG: sanjymlara deňhukukly ýeterlilik pandemiýany ýeňmäge ýardam eder