Gepleşikleriň Başlamagy Üçin DKTR-nyň Özygtyýarlygy Ykrar Edilmeli

Gepleşikleriň Başlamagy Üçin DKTR-nyň Özygtyýarlygy Ykrar Edilmeli

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar, Kipriň grek bölegi bilen gepleşikleriň başlamagy üçin DKTR-nyň özygtyýarlygynyň we deň hukuklygynyň ykrar edilmelidigini aýtdy.

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, 15-nji oktýabrda Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Hristodulidis bilen ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde duşuşar.

Ersin Tatar bilen Nikos Hristodulidis BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterresiň ýolbaşçylygynda agşam naharynda duşuşar.

Ersin Tatar ABŞ-na gitmezinden öň metbugata beýannama berdi.

DKTR-nyň Prezidenti Tatar, “Kipriň grek bölegi bilen gepleşikleriň başlamagy üçin özgtyýarlygymyz we deň hukuklylygyz ykrar edilmeli. DKTR-na gönüden uçuşlar we söwda başlamaly. Agşam naharynda söwda, sport, aýdym-saz we döwletara gepleşikler üçin goýlan nähak embargolaryň bes edilmegi meselesini gün tertibine getirerin” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Kipr Adasyndaky Taraplar 15-nji Oktýabrda Duşuşar
Fidan DKTR-da Saparda Bolýar
Tatar Grekler Bilen Resmi Gepleşiklerden Çetde Durcakdyklaryny Beýan Etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ersin Tatar Nikos Hristodulidis Bilen Duşuşdy
Ersin Tatar Guterriş Bilen Duşuşdy