Germaniýa Gazada Genosid Edilmeýandigini Beýan Etdi

Germaniýa Gazada Genosid Edilmeýandigini Beýan Etdi

Fişer paýtagt Berlinde beren beýannamasynda Germaniýanyň genosid edýändigi sebäpli Ysraýyla ýarag bermeýändigi hakyndaky habarlar barada durup geçdi.

Fişer: “Biziň pozisiýamyz üýtgemedi. Ysraýylyň Gazada genosid edýändigi bilen bagly hiç hili alamat ýok” diýdi.

Fişer: “Germaniýanyň “Bild” gazetinde çykan habara ünsi çekip; “Genosid, etniki toparlaryň etniki gelip çykyşa ýa-da jemgyýetçilik özbolyşlyklary, milletleri ýa-da dini ynançlary esasaynda bilkastlaýyn öldürilmegi, ýok edilmegi ýa-da başga görnüşlerde ýok edilmegi diýmegin aňladýar” diýdi.

Hökümetiň Metbugat sekretarynyň orunbasary Wolfgang Býuhner bolsa Germaniýanyň Ysraýyla hiç haçan ýarag gadagançylygyny goýmandygyny beýan edip; “Ýene-de bir gezek nygtasym gelýär, Ysraýyla ýarag eksporty boýunça gadagançylyk goýulmady” diýdi.

“Bild” gazeti Germaniýanyň Ysraýyldan, beren ýaraglarynyň “genosid” üçin peýdalanylmajakdygy hakynda ýazmaça kepillik alandygyny öňe sürüpdi.

Ýene degişli makalalar

Tebigata has güýçli baglanyşygy bolan ýurtlar
Gaza Ýene-de 22 Palestinalynyň Jesedi Tapyldy
Ysraýylyň Guran Soňky Hüjümlerinde 20 Adam Ýogaldy
Ysraýylyň harby goşunynyň Günbatar Şeriadaky hüjümleri köpçülikleýin göç edilşige sebäp boldy
Ysraýyl 500 günden bäri Gazada genosid söweşini dowam etdirýär
ABŞ bilen Saud Arabystany Gaza meselerini ara alyp maslahatlaşdy