Germaniýa Türkiyäniň Ýewropanyň howpsuzlygyndaky roluny goldaýar

Germaniýa Türkiyäniň Ýewropanyň howpsuzlygyndaky roluny goldaýar

Germaniýanyň Goranmak ministri Boris Pistorius çarşenbe güni Berlinde türk kärdeşi Ýaşar Güler bilen geçiren gepleşiklerinden soň Türkiyäniň Ýewropanyň howpsuzlygyna goşýan goşandy barada öwgüli sözler aýtdy.

Goranmak ministrliginde geçirilen duşuşykda ministrler Ukrainadaky we Siriýadaky soňky wakalary, ikitaraplaýyn goranmak hyzmatdaşlygyny we NATO-nyň geljekki sammitine taýýarlyk görmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Pistorius ministrlik tarapyndan berlen beýanatda: "Germaniýa Türkiyäni Ýewropanyň howpsuzlygyna goşýan goşandy sebäpli möhüm ýaran hasaplaýar. Türkiyäniň Ýaragly Güýçleri Bileleşigiň günorta tarapynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge uly goşant goşýar" diýdi.

NATO agzalarynyň arasyndaky umumy bähbitleri nygtap geçen Pistorius, ikitaraplaýyn goranyş hyzmatdaşlygynyň häzirki ýaranlyk çäklerinden daşary has-da berkidilmelidigini aýtdy.

Germaniýaly ministr: "Germaniýa bilen Türkiyäniň Bileleşikde howpsuzlyk we goranmak babatda çuňňur kök uran gatnaşyklary bar. Mundan başga-da, biz Ankara bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy has-da güýçlendirmek isleýäris" diýdi.

Beýanatda ministrleriň iýul aýynda Ankarada geçiriljek NATO sammitiniň gün tertibiniň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşandyklary bellenilýär. Sammitde Bileleşigiň howpsuzlyk howplaryna 360 graduslyk, toplumlaýyn çemeleşmesi ara alnyp maslahatlaşylar we ähli ugurlardan gelýän howplara garşy taýýarlykly bolmagy ýola goýlar.

Ýene degişli makalalar

NATO-nyň sammitinden öň Türkiyäniň paýtagty Ankarada täze howa menzili açyldy
NATO-nyň Parlament Sammiti Stambulda geçiriler
Türkiýäniň Prezidenti Ankarany Global Diplomatik Merkezi diýip atlandyrýar
Prezident Erdogan: "NATO-nyň Ankara sammiti tejribe paýlaşmak üçin iň güýçli platforma bolar"
Erdogan bilen Meloni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Prezident Erdogan NATO sammitiniň çäginde dünýä ýurtlarynyň liderleri bilen duşuşar
NATO-nyň Baş Sekretary Rutte Ankara Sammitinden öň türk goranmak senagaty hakda öwgüli sözler aýtdy