Germaniýada wodorod bilen işleýän otly gurdular

Germaniýada wodorod bilen işleýän otly gurdular

Germaniýanyň Deutsche Bahn atly döwlet demirýollary edarasy bilen Germaniýanyň tehnologiýa ägirdi bolan Siemens şereketiniň hünärmenleri bilelikde 2050-nji ýyla çenli zyňyndylary nola barýança azaltmaklyk meýilnamasynyň çäginde wodorod bilen işleýän otlylary öndürendikleri barada beýan berdiler. Beýanda hünärmenler bu otlynyň işe giriziljek wagtyna 2024-nji ýyla çenli wodorod beketlerini hem döredip, ulanylyşa goýberjekdiklerini beýan etdiler.

Wodorod bilen işleýän otlynyň 2024-nji ýyldan öňürti bir ýyllap Günorta Germaniýanyň Baden-Wýurtemberg welaýatynyň 600 kilometrlik demirýol ulgamynda synagdan geçiriljekdigi barada hem maglumat berilýär. 2024-nji ýylda işe giriziljek bu otlynyň ýylda 330 tonna CO2 tygşytlajakdygy we iň ýokary tizliginiň sagatda 160 kilometre ýetjekdigi mälim edildi.

Wodorod bilen işleýän otlynyň bahasy 5-10 million ýewro aralygynda bolar. Siemens şereketiniň baş direktory Maýkl Piter: Geljek 10-15 ýylda Ýewropada öňki hereket edýän otlular 10 15 müň sany wodorod bilen işleýän täze otlylar bilen çalşylar. diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

“Siemens”-iň ilkinji wodorod ýangyçly otlusy
Gazagystan Germaniýa nebit eksportuny dowam etdirer
Türkmenistan Germaniýanyň senagat we logistika kompaniýalaryny hyzmatdaşlyga çagyrdy
Berlinde türkmen-german işewürlik forumy geçirildi
Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýada ikitaraplaýyn gepleşik geçirýär
Germaniýa wodorod otlularyny işe girizmegi meýilleşdirýär