Germaniýaly lukman Klaus Georg Dr.Parhofer Türkmenistanyň iki medalyna mynasyp boldy

Germaniýaly lukman Klaus Georg Dr.Parhofer Türkmenistanyň iki medalyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi.Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, iki halkyň agzybirligini we jebisligini pugtalandymaga goşan uly şahsy goşandy göz öňünde tutulyp, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň Lýudwig Maksimilian uniwersitetiniň Grosshadern kliniki müdiriýetiniň 4-nji klinikasynyň we poliklinikasynyň direktorynyň orunbasary Klaus Georg Dr.Parhofer Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlar bilen sylaglanyldy.

Bu barada TDH habar berýär.

Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken ýene bir degişli Permany esasynda, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň Lýudwig Maksimilian uniwersitetiniň Grosshadern kliniki müdiriýetiniň 4-nji klinikasynyň we poliklinikasynyň direktorynyň orunbasary Klaus Georg Dr.Parhofer Türkmenistanyň Arkadag medaly bilen sylaglanyldy.

Klaus Georg Dr.Parhofere bu sylag Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrýan halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, ýurtda bu ulgamy döwrebaplaşdyrmakda, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat hereketini, saglygy goraýyş işini ösdürmekde, howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk kömegini bermekde bitiren hyzmatlary, keselleriň öňüni alyş we sagaldyş-dikeldiş işiniň oňyn tejribelerini ornaşdyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin berildi.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Bäş sany nemes hünärmeni Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly bilen sylaglandy
Türkmen wekiliýet GFR-iň Mýunhen şäherinde iş saparynda bolar