Germaniýanyň täze goranmak ministri bellendi

Germaniýanyň täze goranmak ministri bellendi

Germaniýanyň goranmak ministri wezipesine Boris Pistorius bellendi diýip, Report.az ýazýar.

Ol bu wezipede öňňin iş başyndan giden Kristine Lambrehti çalyşdy. Lambrehtiň iş başyndan gitmegine soňky aýlarda ýurduň Goranmak Güýçleriniň maddy-tehniki ýagdaýynyň tankyt edilmegi sebäp boldy diýip, habar beriş serişdeleri ýazýar.

Pistorius 1960-njy ýylda doguldy, 2006-2013-nji ýyllar aralygynda Osnabrýuk şäheriniň häkimi boldy, 2013-nji ýyldan bäri Aşaky Saksoniýanyň Içeri işler ministrliginiň başlygydy. Ol Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasynyň agzasydyr.

Ýene degişli makalalar

Olaf Şols dalaşgärlige hödürlendi
Rumyniýa Prezidentini saýlaýar 
Germaniýa, Ukraina 700 Million Ýewrolyk Harby Kömek Berer
Germaniýa Ýewropadaky söweş howpy barada duýduryş berdi
Germaniýa, Ukraina 6 Dik Uçar Berer
Pistorius: "Ukraina urşy halkara derejä eýe boldy" diýdi