Gi Parmelen 2026-njy ýylda Şweýsariýanyň Prezidenti bolar

Gi Parmelen 2026-njy ýylda Şweýsariýanyň Prezidenti bolar

Şweýsariýanyň Federal ýygnagynyň (parlamentiň) iki palatasynyň agzalary ykdysadyýet ministri Gi Parmeleni 2026-njy ýyl üçin ýurduň Prezidenti wezipesine saýladylar.

Hökümetde Şweýsariýanyň halk partiýasynyň wekili bolan Parmelen 210 sesden 203-sini aldy. Ol 1-nji ýanwarda wezipesine girişer we prezidentlik ygtyýarlyklaryny ministr wezipesi bilen utgaşdyryp, indiki ýylyň dowamynda bu wezipäni eýelär. Daşary işler ministri Ignazio Kassis 2026-njy ýyl üçin wise-prezident wezipesine saýlandy.

Şweýsariýada hereket edýän kanunçuylyga görä, Prezident wezipesini hökümet agzalary bir ýyl möhlet bilen nobatma-nobat ýerine ýetirýärler. Prezidentleriň ýyllyk gezekleşmegi ýurduň syýasatyna täsir etmeýär, sebäbi ähli esasy meseleler hökümetiň içinde bilelikde çözülýär. Sesler deňlik bolan ýagdaýynda, Prezidentiň pikiri möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Resmi ady Şweýsariýa Konfederasiýasy bolan ýurt Merkezi Ýewropada ýerleşýip, deňze çykalgasy bolmadyk döwletdir. Ýurt Alp daglarynyň uly bölegini öz içine alýar we täsin tebigy gözellikleri bilen tanalýar. Şweýsariýanyň ilaty 2024-nji ýyldaky maglumatlara görä, takmynan, 8,7 million adama barabardyr.

Bu ýurt köp dilli we köp medeniýetli bolup, ýurduň ilaty nemes, fransuz, italýan, romanş ýaly dört sany resmi dilde gepleýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli duşuşyklar
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY