
Şanlyurfada 12 müň ýyllyk geçmişi bilen “taryhyň başlangyjy” hökmünde bilinýän we BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet düzümi ÝUNESKO-nyň Dünýäniň medeni miras sanawyna alynan Göbeklidepä 2024-nji ýylyň 7 aýynda 326 müň adam baryp gördi.
Şanlyurfanyň welaýat häkimi Hasan Şyldak, sosial mediadan beren habarnamasynda Göbeklidä 2024-nji ýylyň 7 aýynda gelen syýahatçylar hakynda maglumat berdi.
Hasan Şyldak “2022-nji ýylda Göbeklidepä 290 müň syýahatçy gelipdi, şol san 2024-nji ýylyň 7 aýynda 326 müňe baryp ýetdi. Baý arheologik mirasa eýe bolan Şanlyurfada geçirilýän gazuw-agtaryş işleri bilen bu medeni mirasyň gün yşygyna çykarylmagy netijesidne has köp myhmany kabul ederis”diýdi.