Görnükli türkmen ýazyjysy, halypa žurnalist Rahym Esenow aradan çykdy

Görnükli türkmen ýazyjysy, halypa žurnalist Rahym Esenow aradan çykdy

Türkmen edebiýatynyň aksakgaly, halypa ýazyjy Rahym Esenow şu gün, 96 ýaşynyň içinde Aşgabatda aradan çykdy. Ýazyjy özüniň 27 ýyllap ýazan baş kitaby, "Baýramhan" ("Венценосный скиталец") trilogiýasyny awtoritar prezidentiň islegine görä üýtgetmän, öz hasabyna Moskwada çap etdirip, Aşgabada getirdeni, şeýle-de ýurtda döredilýän şahsyýet kultuny goldaman, "Azatlyk" radiosy bilen hyzmatdaşlyk edeni üçin gara sanawa girizildi, öý tussagy edildi, ýaşap oturan howlusy ýykylyp, köp gatly beýik jaýyň ýokarky gatyndaky kwartiralaryň birine göçürildi.

"Türkmen edebiýaty agyr ýitgä sezewar boldy, onuň uly saýaly daragty ýykyldy” diýip, aşgabatly edebiýatçy Rahym aga Esenowyň şu gün, 23-nji aprelde dünýäsini başgalandygyny tassyk etdi. 1-nji fewralda 1927-nji ýylda doglan uruş weteranynyň 95 ýaşy dolupdy.

Rahym aga ozal öwrenip, sünnäläp ýazan eserleri, 20-den gowrak kitaby, soňra adamkärçilikli gatnaşyklary bilen, türkmen ýazjy-şahyrlarynyň, žurnalistleriniň arasynda iň sylanýan döredijilik adamlarynyň biridi.

Ol sowet ýyllarynda "Prawdanyň”, sowet döwletiniň baş gazetiniň Türkmenistandaky habarçysy, Türkmenistanyň medeniýet ministri, Ýazyjylar birleşiginiň başlygy, "Dostluk" jemgyýetiniň başlygy ýaly wezipelerde işläp, hem ýurduň içinde, hem daşary ýurtlarda köp syýhatada bolan, hakykatdan hem köpi gören, 1941-45-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan, onlarça kitabyň awtory bolan tanymal ýazyjy, taryhçy alym bolsa-da, Türkmenistan garaşsyz bolanyndan soň häkimiýetler üçin “iň bir oňaýsyz” adamlaryň birine öwrüldi.

Elbetde, bu onuň ýurtda döredilýän şahsyýet kultuny kabul edip bilmezligi ýa-da kabul etmek islemezligi bilen baglydy. Hut şu isleg hem ony ýurtda gadagan edilen ýazyjylaryň gara sanawyna goşdy, netijede ol, susmak islemän, 1990-njy ýyllaryň ortalarynda daşary ýurtdaky neşirler, şol sanda Azatlyk radiosy bilen hyzmatdaşlyga başlady.

Rahym aga bilen ýurtda döräp gelýän şahsyýet kultunyň arasyndaky gapma-garşylyk onuň ilki 'waspçylara' goşulmazlygy, soňra uzak ýyllar iş edinip ýazan taryhy trilogiýasyny, Hindistanda ýaşan orta asyr türkmen şahyry Baýramhan Türkmen baradaky eserini 'hemme zady bilýän' prezidentiň göwün islegine görä üýtgetmezligi sebäpli ýitileşdi.

Soňra rus we iňlis dillerinde çap edilen roman Türkmenistanda 1997-nji ýylda, Saparmyrat Nyýazowyň açyk ýazgarmasyndan soň, “taryhy taýdan dürs däl” diýen bahana bilen gadagan edildi.

Bu romanyň 2003-nji ýylda Moskwada, özünden ygtyrýarsyz çap edilmegi bolsa, S.Nyýazowy has-da dergazap edene meňzeýär. Netijede, şol wagtlar hassahanada bejergi alýan 77 ýaşly ýazyjy, daşary ýurtda çykardan kitabyny ýurda getirmek bilen, "gaçakçylykda", "sosial, etniki, dini ýigrenji öjükdirmek" synanyşygynda aýyplanyp, prezidentiň buýrugy esasynda, howpsuzlyk işgärleri tarapyndan hassahana otagyndan çykarylyp, MHM-niň deslapky tussaghanasyna geçirildi.

Bu 2004-nji ýylda bolupdy. Soň Pragada, Azatlyk radiosynyň redaksiýasynda bolanda gürrüň bermegine görä, ol ýurtdan çykmazlyk, her hepde ýerli polisiýa bölümine baryp, bellik etdirmek baradaky dilhata gol çekmäge hem mejbur edildi.

Rahym aganyň häkimiýetleriň öňündäki “günäsini” agraldan ýene bir zat bolsa, onuň AÝ/AR-nyň Türkmen gullugy bilen hyzmatdaşlygy bes etmegi baradaky talaplara boýun egmezligi, şol wagt tanymal oppozisioner, S.Nyýazowyň daşary ýurtdaky açyk tankytçysy bolan Abdy Kulyýew bilen eden telefon gürrüňleri barada degişli ýerine habar bermezligi boldy.

Ýöne halkara hukuk toparlarynyň barha ýygjamlaşan basyşlary netijesinde, Aşgabatdaky ABŞ ilçihanasynyň kömegi bilen, Rahym Esenow ahyrynda öý tussaglygyndan boşap, 2006-njy ýylda, 79 ýaşynda Nýu-Ýorka baryp, dünýäde edebi azatlyk üçin berilýän ýyllyk sylaglaryň birini, Barbara Goldsmit adyndaky Ýazmak azatlygy baýragyny (PEN/Barbara Goldsmith Freedom to Write Award) öz eli bilen, şowhunly elçarpyşmalar astynda kabul etdi.

Rahym Esenowyň "Baýramhan” romanynyň 800 nusgasy Aşgabatda häkimiýetler tarapyndan ýakylyp ýok edildi, ýöne ol bu kitabyna awtorgaf ýazyp berip, Azatlygyň žurnalistleri bilen eden söhbetlerinde “gowulygyň ýeňjegine, haýyr işiň ahyrynda üstün çykjagyna, şeriň bolsa ýeňiljegine hemişe ynanandygyny we bu ynamyň özüne güýç berendigini” aýdypdy.

Dile geldi-bile geldi: Rahym aganyň ýadymda hemişelik galan iki gürrüňini aýdaýyn. Ýyly anyk ýadynda däl, 1996-ny ýa-da 1997-nji ýylyň tomsy, halypa bilen Moskwanyň etegindäki Peredelkinoda, ýazyjylaryň döredijilik öýünde bolýardyk.

Ol bir gün şol ýerde, Peredelkinoda ikinji oglunyň ajy habarynyň gelşini gürrüň berdi. "Gije düýş görýärin, ýokarymda iki lampa bar, biri köýen, beýlekisi köräp, köýjek-köýjek ýaly edýär. Şol wagtam gapym kakyldy.

Aşgabatdan jaň edipdirler, ikinji oglum ýol ýol heläkçiligine uçrapdyr".

Şol gün, Rahym aga Moskwadan Aşgabada gyssanmaç dolanyp gelende, ýazyjy kärdeşleri, ony tanaýan adamlar ýaşulynyň soň häkimiýetler tarapyndan ýykylan howlusynyň daş işiginde ýüzlerini sallap otyrdylar.

Rahym aganyň ikinji ýadymda galan gürrüňi daşary ýurtlarda, baran, bolan ýeriňde türkmen hakynda ýaramaz pikir-düşünje galdyrmazlyk baradady.Ol iýen-içen stoluny, bolýan ýerindäki arassaçylyk talaplaryny aňrybaş derejede berjaý edýärdi.

Belki, meniň synlaýanymy görüp, ol munuň daşary ýurtlara syýahat eden ýyllarynda endik bolup galandygyny düşündirdi: "Ýurt daşynda bolsaň, diňe öz abraýyň däl, halkyň abraýy hakynda hem pikir etmeli, men şu ýerde bolan ýerimi hapalap gitsem, bilýän, tämizleýji bar, aýlyk alýar, öz işini eder, meniň adymy hem ýadynda saklamaz, ýöne onuň türkmen diýilýänleriň hemmesi şeýlemikä' diýip pikir etmegi mümkin..."

Rahym Esenow Jüneýit han, Eziz han ýaly, sowet döwründe bir taraply, kommunistik ideologiýanyň gözi bilen öwrenilen we 'könäniň zyýanly galyndysy' edilip görkezilen şahslar, şol sanda "Türkmen azatlygy“ diýilýän toslama iş esasynda ýok edilen türkmen intellektuallary hakyndaky 'ýapyk' hakykaty açmakda hem, DHK-nyň arhiwlerinde gözleg, barlag işlerini geçirip, uly tagalla etdi.

Emma onuň türkmen hanlary hakyndaky täzeçe çemeleşmesi hem döwlet ýolbaşçysynyň göwnünden turmady.

“Bilýäňmi näme, haçanda men türmeden çykamda we bu ýere gelýänimi aýdanlarynda, ýurdy hemişelik terk etmek, bosgun durumy almak we şu ýerde ýaşamak barada pikir etdim“ diýip, Rahym aga "NewYorker” žurnalyrynyň žurnalisti bilen eden söhbetdeşliginde aýdypdyr. “Bu pikir esli wagt gitmedi.

Emma men muny başarmaryn.Meniň aýalym näsag.Meniň maşgalam bar.Men gaty garry.Bu meniň üçin gaty giç.Türkmenistan meniň ömrümi tamamlamaly ýerim” diýip, halypa ýazyjy amerikan neşirine ýadan sözleri onuň bu temadan Pragada, saçak başynda eden gürrüňlerini ýatladýar.

Has dogrusy, syýahatçy ýazyjyny ýurdunda saklan ýene bir zat bardy, onuň iki ogly ýaşlykda wepat bolup, türkmen topragynda jaýlanypdy, aýaly oňa, öz sözleri bilen aýdylsa, 'ogullaryny bärde ýeke goýup, hiç ýere gitmejekdigini' aýdypdy.

Rahym aga bu gürrüňi ilki 1996-njy ýylda, Moskwanyň etegindäki Peredelkinoda, ýazyjylaryň döredijilik öýünde bir aý bile bolamyzda aýdypdy, soň Pragada duşuşyp, şäherde gezelenç edmizde hem ýatlapdy.

"Siz ýaly ýaş bolan bolsam, menem Aşgabatda galmazdym. Çagalaryňyz ýanyňyzda, ýüregiňizi gysdyrmaň, Magtymguly aýtmyşlaýyn, bu bir iş wagtydyr, işläň!” diýip, ol Pragadan yzyna, Aşgabada gitmek üçin hoşlaşanda aýdypdy.

Ýene degişli makalalar

Olimpiýa şäherjiginde boks boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy
13.02.2018 | Olimpiýa şäherjiginde boks boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy
14.02.2018 | Boks boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýarym finalçylary belldi boldy
Dünýä boksunyň ýyldyzlary milli çempionatymyzyň guramaçylygyna ýokary baha berdiler
23.02.2018 | Mobaşar Jawed Akbar: TOPH gaz geçirijisi hindi ykdysadyýeti üçin hem möhüm taslama bolup durýar