GÖWNEJAÝ KITAPHANA HYZMATY

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň kitaphana işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň kitaphana işini ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky kararyndan ugur alyp, 1963-nji ýyldan bäri, ýagny 63-ýyla golaý wagtdan bäri kitaphana gelip yzygiderli kitap okaýan kitaphananyň işeňňir okyjysy, köp çagaly ene, ýagny 4 sany ogully, 4 sany dürli milletlerden bolan gelinli internosinal maşgalaly, 13 sany agtykly, 11 sany çowlukly bagtyýar ene Zinakamal Koçkarowanyň öýüne baryp kitaphana hyzmaty guraldy.

Köneürgenç etrap medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň gazak dilinde aýdan aýdymlary, gazak aýaly Zinakamal Koçkarowanyň türkmen dilinde aýdan aýdymlary tutuş maşgalanyň şatlygyny goşalandyrdy.Köneürgenç etrap hassahanasynyň Keselleri anyklaýyş we maslahat beriş bölüminiň girelgesinde saglyga degişli kitaplar, bukletler, elektron göterijileriň kitap sergisi döredildi we çeper okaýyşlar, kitapnama synlary geçirildi.

Etrap hassahanasynyň ýeňil elli lukmany, köp çagaly bagtyýar ene Akjagül Töräýewanyň iş ýerine baryp, saglyga degişli kitaplar barada, onuň köpýyllyk iş tejribesi hakynda pikir alşyldy.Halkymyzyň eşretli, parahat durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik tutumly işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Hurma KULLAÝEWA Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Miras halkymyzyň ruhy hazynasy
07.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda