Daşoguzyň N. Andalyp adyndaky sazly-drama teatrynyň döredijilik topary teatr sungatynyň gözden geçirilişinde “Ürgenç kyssasy” oýnuny görkezdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabyndan rowaýatlaryň birnäçesi sahna oýnunyň edebi esasy boldy. Sahna oýnunyň başy orta asyr Köneürgenjiniň durmuşyndan Törebeg hanym hakynda rowaýat bilen açylýar.
Owadan ýaş gyz zehinli mimar Gulgerdana duşýar, ol bu gözele gözi düşenden aşyk bolýar.Gyz: “Eger sen maňa dünýede taýsyz köşk gursaň, söýgüňe söýgi bilen jogap bereýin”-diýýär.
Ussa bassyr üç bina gurýar, şonda-da Törebeg hanym sözünde durmaýar.Köşk taýyn bolansoňam ol: “Indi köşküň depesinden aşak bök” diýýär. Ýetginjek muňa haýran galýar, ýöne aşygynyň erki şo bolsa, onam etmeden gaýry çäre ýok...
Kül-owram bolan tenden onuň ruhy gidibimän durmuş diýýär.Jan beribilmän ýatan Gulgerdanyň çekýän jebirine döz gelmedik halaýyk biçäre aşyk panyny terk eder ýaly onuň bilen hoşlaşmagy gyzdan haýyş edýär.
Törebeg hanym onuň ýanyna gelenden ol amanadyny tabşyrýar.
Törebeg hanym uzak ýaşapdyr diýýärler. Ol eden işine ökünip, köşkde bir özi aýlanyp ýörüpdir. Belki, ýetginjek asylzadalardan bolsa, onda gyzyň oňa durmuşa çykmagam mümkin. Ýöne näçe ökde bolsa-da, ýönekeý ussa bilen nikalaşmak onuň gyzyň durmuş baradaky pikirine çapraz gelýär...
Oýnuň edebi esasyny Öremyrat Owezow ýazdy, ony režissýor Bekmyrat Hallyýew sahnalaşdyrdy. Oýunda yşyk-wizual we ses tilsimleri ýerlikli ulanylypdyr. Ýüregi doň Törebeg hanymyň keşbini Oguldurdy Öwezweliýewa, ussa Gulgerdanyň keşbini Hemra Muhadow döredipdir.
Ýene bir täsirli wakalaryň biri Mahmyt Pälwanyň hindi şasynyň pälwany Dag pälwan bilen tutluşygydyr, onda türkmen ýigidi üstün çykýär. Göreşden soň hindi şasynyň pälwany aýaly bilen ýeňijä tagam alyp gelýärler. Diňe ýüregi päk adamlar öýke-kine etmän şeýle hoşamaý bolup bilýärler. Netijede öňki garşydaşlar dost bolup galýarlar...
Mahmyt Pälwanyň keşbini Döwran Mädalyýew, Dag pälwanyň keşbini Tirkeş Garlyýew döredipdir.
