Gözüň görüşini gowulandyrmagyň usullary

Günde birnäçe minutdan köp wagt almaýan ýönekeý maşklaryň kömegi bilen gözüň görüşini gowulandyryp bolýar.Bu barada oftalmolog Rui Hiramasu habar beriş serişdelerine gürrüň berdi.Lukmanyň aýtmagyna görä, dürli maşklary ýerine ýetirmegiň myşsalary güýçlendirişi ýaly, gözler üçin hem yzygiderli maşk etmek zerurdyr.

Bu babatda oftalmolog lukman tapawutlary tapmak üçin aýratyn nagyşly Gabor suratlary bilen maşk etmegiň talabalaýykdygyny belleýär.Bu maşky günde bary-ýogy üç minut ýerine ýetirmeli we ilkinji peýdasyny iki hepdeden duýmak bolýar.

Görüşi gowulandyrmagyň ikinji usuly termoterapiýa.Bir süpürgiji almaly, çyglamaly we mikrotolkunda 30-40 sekunt gyzdyrmaly.Soňra ony gözüňe ýapmaly we sowaýança garaşmaly. Üçünji usul ysmanak iýmekdir.Ysmanak kataraktanyň we gözdäki sary tegmilleriň emele gelmeginiň öňüni almaga kömek edýär.

Amanmyrat NURÝAGDYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

The post Gözüň görüşini gowulandyrmagyň usullary appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Faworitler ýeňiş bilen başlady
Görejiňi üç minudyň içinde gowulandyrmagyň usullary
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl täze agzalary saýlandy
Täze göwher tapyldy: dünýäde üçünji ýerde
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Gabonyň Bilim Ministri Türkiýede Saparda Bolýar