Gollandiýaly aýakýalaňaç 3,5 müň kilometr ýol geçip, dünýä rekordyny goýdy

Gollandiýaly aýakýalaňaç 3,5 müň kilometr ýol geçip, dünýä rekordyny goýdy

Gollandiýaly uruş weterany Anton Notenbom 175 günde 3450 kilometri aýakýalaňaç geçip, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada NL Times habarlar portalyna salgylanýan Report ýazýar.

Rekord Amerikanyň Missuri ştatynyň Sent-Luis diýen ýerinde hasaba alyndy. Öň bu ugurdaky üstünlik polşaly Pawl Durakewiçe degişlidi (Fransiýanyň we Ispaniýanyň içi bilen 3,409,75 km).

37 ýaşly Notenbomyň ýene 1700 kilometri Nýu-Ýorka çenli aýakýalaň geçmekçidigi aýdylýar. Ol 2-nji noýabrda Taýms-skwer meýdanyna barmakçy.

Gollandiýalynyň syýahaty 17-nji fewralda Kaliforniýadaky Santa-Monikada badalga aldy. Onuň baş maksady Los-Anjelesden Nýu-Ýorka çenli aýakýalaň ýöremekdir. Notenbomyň wekilleri onuň ýadandygyny we gyzgyn ýollarda ýöräp, aýaklarynyň gabarçyk bolandygyny aýdýarlar. Syýahatçynyň ýöreýän ugrunda howanyň derejesi Selsiý boýunça gündizlerine 35 gradusa ýetýär diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Los- Anželesiň golaýyndaky ýangyn köp sanly adamyň ewakusasiýa edilmegine sebäp boldy
Ekwadordaky ýer süýşgünlerinde ýogalan adamlaryň sany artdy
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
DEAŞ-a Agza Terrorçy Stambulda Tussag Edildi
Turkish Airlines: dünýäniň islendik künjeginde Täze ýyl
Ýangynda kül bolan Günorta Kaliforniýa güýçli ýel hem-de ýangyn howpy abanýar