Google şereketiniň SubCom bilen bilelikde beren beýanynda kompaniýanyň Wirgina kenary bilen Fransiýadaky Dunantyň arasynda ýörite suwasty kabeliň işe başlandygyny habar berdi.
Google şereketi ilkinji gezek Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi we Gyzyl Haç guramasynyň esaslandyryjysy Genri Dunantyň adyny göterýän taslamany 2018-nji ýylyň ortalarynda yglan etdi. Şol döwürde bu taslamanyň 2020-nji ýylda durmuşa geçirilmegine garaşylýardy. Ýöne COVID-19 epidemiýasy zerarly yklymlaryň arasynda uzyn kabeli ýaýratmaklykda ýüze çykan kynçylyklar, bu taslamanyň öz wagtynda tamamlanmagyna mümkinçilik bermedi.
4000 mil töweregi kabeliň umumy kuwwaty sekuntda 250 terabaýt. Bu kabeliň käbir köne kabellerden tapawudy, onda geçirijilik giňligini ýokarlandyrmaklyk üçin birnäçe tehniki täzelikler bilen birlikde 12 süýümli kabel jübüti ulanylypdyr.
Google şereketiniň bulut infrastrukturasynyň menejeri Mark Sokol: Google kompaniýasy bulut hyzmatlaryna we yzygiderli onlaýn bolmaklyga bolan islegi artdyrmaklyk isleýär. - diýip bellenildi.
Google şereketiniň indiki suwasty kabeli Nýu-Ýork bilen Ýewropanyň arasyndaky Grace Hopper kabeli bolar.Bu kabel üçin niýetlenen ýerler Bilbao, Ispaniýa, Bude we Angliýa bolar.Google şereketi bu täze kabeli ilkinji gezek geçen ýylyň iýul aýynda SubCom bilen bilelikde geçiren ýygnagynda yglan etdi.
Grace Hopper kabeliniň 2022-nji ýylda onlaýn bolmagyna we jemi 16 süýümli kabel jübütini öz içine almagyna garaşylýar.
