Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Harby-howa güýçleri serkerdeliginiň täze “Uçuş tälim ýylynyň” açylyşyny Egeý deňiziniň demirgazygyna amala aşyran uçuşy bilen ýerine ýetirdi.
Baş Ştabyň başlygy Ýaşar Güler we Ýaragly güýçleriň serkerdeleriniň ýoldaşlyk eden uçuşda Hulusi Akar Dardanel bogazynda Çanakgala Şehitler monumentine salam berdi.
Hulusi Akar ol ýerde harbylara ýüzlenip: "Çanakgalada ýatan şehitlerimiz başda bolmak bilen ähli şehitlerimize laýyk bolmaga çalyşarys, göreşimizi Çanakgalanyň ruhy bilen dowam ederis" diýip belledi.
Hulusi Akar, şu günki güne çenli amala aşyran üstünlikli wezipeleri mynasybetli harbylary gutlady, täze “Uçuş tälim ýylynyň” hem üstünlikli geçmegini diledi.
