Goranyş senagatynda dünýäde ilkinji 100 kärhananyň hataryna giren türk kärhanalaryň sany artdy

Goranyş senagatynda dünýäde ilkinji 100 kärhananyň hataryna giren türk kärhanalaryň sany artdy

Merkezi ABŞ-da ýerleşýän dünýäniň iň abraýly goranyş senagaty sanawy kabul edilýän "Defense News Top 100" sanawyndaky türk kärhanalarynyň arasynda ASELSAN 42-nji oruna mynasyp boldy.

TUSAŞ kärhanasy 50-nji oruna, ROKETSAN 71-nji oruna, MKE 84-nji oruna we ASFAT kärhanasy 94-nji oruna mynasyp boldy.

2023-nji ýylda 4 türk kärhanasynyň bar bolan sanawa şu ýyl MKE hem ilkinji gezek girmegiň hötdesinden geldi.

Geçen ýyl sanawyň 47-nji ornunda bolan ASELSAN 42-nji oruna, 58-nji orunda bolan TUSAŞ 50-nji oruna, 100-nji bolan ASFAT 94-nji oruna geçdi. Şeýlelik bilen sanawa girmegiň hötdesinden gelen türk kärhanalar geçen ýyla garanyňda orunlaryny ýokarlatdylar.

Sanawyň ilkinji 10-lugunda ABŞ-dan 6 kärhana, Hytaýdan 3 kärhana, Beýik Britaniýadan 1 kärhana bar.

Lockheed Martin sanawyň başyndaky ornuny goramak bilen birlikde, sanawda ol kärhanadan soň Aviation Industry Corporation of China we RTX kärhanalary gelýär.

Sanawyň 4-nji ornunda Northrop Grumman kärhanasy, 5-nji ornunda General Dynamics kärhanasy, 6-njy ornunda Boeing kärhanasy bar.

Ýene degişli makalalar

ASELSAN bilen Goranyş senagaty edarasy 845 million dollarlyk täze şertnama baglaşdy
ABŞ Günorta Koreýa 111,8 million dollarlyk ýarag satar
Halkara ulgam, uly ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Müsüre goldaw berýär.
NATO Hem-de ÝB-ne Agza Ýurda Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagy Eksport Edildi
Russiýa Britaniýanyň Harby Attaşesini Ýurtdan Çykarar
Prezident Erdogan Ýaşlar Bilen Duşuşyk Geçirdi