Gorkut ata halkara kinofestiwaly badalga aldy

13-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Gorkut ata” atly halkara kinofestiwal badalga aldy.Türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu forumyň baş maksady kinematografiýa boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Çärä türki döwletler bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasyndan meşhur kino hünärmenleriniň, aktýorlaryň we bilermenleriň gatnaşmaklary bu ugurda giň gerimli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär.

Halkara kinofestiwalyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýandygyny bellemek gerek.Geçen ýyl türki dünýäniň III kinofestiwalynda Türkmenistana “Gorkut ata” kinofestiwalyny geçirmek nobatynyň nyşany bolan “Durna” heýkeljigi gowşurylypdy.

Kinofestiwalyň açylyş dabarasyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary, türki döwletleriň aktýorlary, režissýorlary, kinematografiýa işgärleri gatnaşdylar.

Däp bolşy ýaly, hormatly myhmanlar gyzyl haly düşelen ýodajykdan ýöräp geçýärler.Bu ýere ýygnananlar çeper we dokumental filmleriň bäsleşiginiň eminlerini şowhunly el çarpyşmalar bilen mübärekleýärler.Soňra Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan, Tywa, Çuwaş Respublikalarynyň, Moldowanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň hem-de ýurdumyzyň wekiliýet agzalary geçýärler.

Mukamlar köşgüniň baýramçylyk äheňinde bezelen eýwanynda türkmen kinematografiýasynyň taryhyndan söz açýan sergi ýaýbaňlandyryldy.Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren halk aýdym-sazlary dabara milli öwüşgin çaýdy.Kinofestiwal Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleriniň we ýurdumyzyň tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde “Türkmen dünýäsi” atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy.

Soňra “Gorkut ata” halkara kinofestiwalyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler.Gutlagda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasy, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň dost-doganlygyň, halkara hyzmatdaşlygyň mekanyna öwrülendigi bellenilýär.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew gutlag sözünde guramanyň bu kinofestiwal arkaly türki dünýäniň gymmatlyklaryny tutuş Ýer ýüzüne görkezmäge, bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny belledi hem-de festiwalyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Dabara Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan taýýarlanan “Gorkut ata” atly wideoroligiň görkezilmegi bilen dowam etdi.Soňra milli lybasly oglan “Durna” heýkeljigini getirýär.Türkmenistan şu ýyl bu göçme nyşany Gazagystana geçirýär.

Soňra myhmanlar çeper we dokumental filmlere baha berýän eminler topary bilen tanyşdyryldy. “Meňli” we “Aşgabat” toparlarynyň çykyşy milli däp-dessurlary wagyz edýän aýdym-sazlar bilen utgaşyp, nesilleriň dowamatlylygyny alamatlandyrdy.

Türkmen kinofilmlerindäki aýdymlar kino sungatynyň bu giň gerimli çäresine aýratyn öwüşgin çaýdy.Soňra “Gorkut ata” kinofestiwalyna gatnaşýan çeper, dokumental filmler bilen tanyşdyrýan gysga görnüşli wideorolikleriň görkezilişi boldy. Şeýle-de festiwala gatnaşyjylar Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň surata düşüren filmleri barada gysgaça maglumat berýän wideoşekillere tomaşa etdiler.

Kinoforumyň birinji gününiň wakalary ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary bilen tamamlandy.Medeni çäräniň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlar gadymy Änew galasyna we Seýit Jemaleddin metjidine baryp gördüler.Bu orta asyr ýadygärliginiň mozaika bezegi ýerli gurluşykçylaryň ussatlygynyň we şol döwrüň binagärlik sungatynyň ösen derejesiniň aýdyň nyşanydyr. 1948-nji ýyldaky weýrançylykly ýertitreme oňa zeper ýetiripdir.

Muňa garamazdan, ol zyýaratçylar üçin özüne çekiji ýerleriň biri bolmagynda galýar. Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň möhüm ähmiýetini bellemek gerek.Gymmatly maglumatlary özünde jemleýän bu eser Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de TÜRKSOÝ-nyň çözgüdi bilen türki dünýäniň beýik şahyrynyň we akyldarynyň ýyly hökmünde bellenilýän şu ýylda türkmen halky üçin ajaýyp sowgat boldy.

Kinofestiwalyň çäklerinde 15-nji noýabra çenli giň tomaşaçylar köpçüligine paýtagtymyzdaky “Aşgabat” kinoteatrynda, “Watan”, “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kino ussatlary tarapyndan döredilen filmler görkeziler. /* custom css */ .td_uid_15_6735e87a835a0_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6735e87a835a0_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Gorkut ata atly halkara kinofestiwal geçirilýär
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Gorkut ata halkara kinofestiwalyna gatnaşyjylar gadymy Änewe baryp gördüler
TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwaly geçirilýär
Türkmenistanda Gorkut ata atly halkara kinofestiwala taýýarlyk görülýär
Türkmen medeniýetiniň belent sarpasy